Lakamym:
Açarsöz:
Menem araňyza goşaýyňda?!
Wah, Men paňkelle ýene-de unutdym
Мерхум Алтымырат Ораздурдыеви ятлап | Sport | Teswirler

Мерхум Алтымырат Ораздурдыеви ятлап (Sport)

Тарых сени ятдан чыкармады
Мерхум Алтымырат Ораздурдыев 1969-нжы йылда Мары велаятынын Сакарчаге этрабынын Ак Яп обасында Энеден догулйар ве 1996-нжы йылда Арадан чыкяр (27 Яш),
Алтымырат Ораздурдыев оз доврунде Азиянын бир гезек чемпионы, Европанын ызлы ызына уч гезек чемпионы ,Дунйанин уч гезек чемпионы , Бир гезек Дунйанин рекордсмени ,

1 Гезек Азиянын чемпионы ( 1994 йыл )
3 Гезек Европанын чемпионы ( 1989 1990 1991 йыл)
3 Гезек Дунйанин чемпионы  ( 19989, 1990,  1993 йыл)
1 гезек Дунйанин рекордсмени (1993йыл)
http://tmsportnewphp.4bb.ru/uploads/0002/52/6c/750-1-f.jpg


Сиз Алтымырат Ораздурдыев барада намлер айдып билерсиниз

Тесвирлерде язжак (100%, 11 adam)




Halanan (35)
Jemi 81 sany teswir.
Okalan sany: 1319
  • Awtora, bu blog üçin berilen minnetdarlyklar:
  • - Gowy ýazylypdyr (0.1 TM) - Serwi
  • - Gowy ýazylypdyr (0.1 TM) - сазын_ашыгы

Pikirlerde paýlaş

05, Dekabr-2013ý (15:17)
Jogapla +17

http://tmsportnewphp.4bb.ru/uploads/0002/52/6c/750-2-f.jpg

05, Dekabr-2013ý (15:18)
Jogapla +17

http://tmsportnewphp.4bb.ru/uploads/0002/52/6c/750-3-f.jpg

05, Dekabr-2013ý (15:18)
Jogapla +16

http://tmsportnewphp.4bb.ru/uploads/0002/52/6c/750-5-f.jpg

05, Dekabr-2013ý (15:20)
Jogapla +9


Beyikler Olmez, olar Adamlaryn yureginde BAKY yasharlar!!! Turkmenin BEYIK Ogly!!!

Never tell your problems to anyone...20% don't care and the other 80% are glad you have them...
05, Dekabr-2013ý (15:22)
+13

Бейиклер бизин йурегимизде яшайарам хичхачан олор чыкмазлар

05, Dekabr-2013ý (15:25)
+13

Несип болса якын гунлерде мерхум Алтымырат Ораздурдыевин догдук меканы болон Сакарчаге этрабынын Ак Яп обасында Алтымырадын ягты ядыгарлигине улы Агыр атлетика мекдеби уланылмана Берлер

05, Dekabr-2013ý (15:21)
Jogapla +11

Türkmenistanyň adyny arşa galdyryp başlapdyrda ýaňy bir (((

durmuş ajaýyp
05, Dekabr-2013ý (15:22)
Jogapla +13

1-2 gunlikde oylanyp yordum shu hakda gowy edip kino dushursen diyip dunya derjesinde 100 mln dollar yada ondan hem kopurak cykaryp gowy rejisyor tapyp dushursen tutush dunya gorer yalak edip, gaty gowy bolardy hemem nace cykarylsa yzyna gazanardy, orslar Harlamow barada dushurdelera "Legenda 17 " diyip goren bolsanyz sholar yalak edip dushursen diyip gowy oylandym ! Mumkin EnsAllah bir gun arzuwym amala ashar!)

-Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr, Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat ! Magtymguly Pyragy
05, Dekabr-2013ý (15:24)
+8

gaty gowy pikir! nesip bolsa bolayadyr!

Never tell your problems to anyone...20% don't care and the other 80% are glad you have them...
05, Dekabr-2013ý (15:30)
+10

Sonky Dunya cempionlygyny Turkmenistanyn adyna yazdy rekordsmenligi hem shonda alandyr, aziyanyn hem cempionlygyny Turkmenistanyn adyna yazdy, galanlary SSSR diyip gitdi, kicirakem yorute Altymyrady yatlap gepleshik bolupdy shonda bashlangyc treniri cagalygyndan nahili turgenleship bashlandygyna cenli gurrun berdi , hemem gepleshigin arasynda Dunya cempiony bolup gelende 93de ucardan dushen wagty onunden cykyp garshylanlaryny gorkezdiler ,Altymyrat gara montanaly yylgyryp berilyan gulleri alyp yanynda hem gelnem bardy sheyle tasirli gowy wideorolik bolupdyr entagem yadymdan cykanok shol yylgyrshy!

-Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr, Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat ! Magtymguly Pyragy
05, Dekabr-2013ý (17:40)
+7

tapyp bolmazmay o videony? Prezident hem yorite gutlanyny bilyan..

Never tell your problems to anyone...20% don't care and the other 80% are glad you have them...
05, Dekabr-2013ý (20:04)
+5

mende.de bar shol wideorolik. Kici wagty horojyk oglan eken

05, Dekabr-2013ý (20:16)
+6

akmyrat.bale inetden tapyp bolmazmyka , yada sen inete goyup bilmezmin? Samolyatdan dushyan yerem bardyr onda cempion bolup gelen wagty!?

-Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr, Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat ! Magtymguly Pyragy
05, Dekabr-2013ý (20:26)
+4

howa dosdum hemmesem bar! Men internede goyup bilemok! Sen ashgabatda bolsan fleshka gecirip bereyin. YAda disk yazyp bereyin

05, Dekabr-2013ý (15:29)
Jogapla +8

Ine shu linkde http://wap.ertir.com/index.php?q=blog&view=8281 Altymyrat hakda giñishleyin ýazylan.Erkin agzanyñ ýazanlary

05, Dekabr-2013ý (15:40)
Jogapla +7

Meniń halypam sag bol Awtor yatlanyńa.

Her kes óz aklyndan hoşaldyr.
05, Dekabr-2013ý (15:45)
Jogapla +8

Nämeden ölüpdaý sho?

Gyzlar geljegi gowy bolan oglany gözleýärler. Oglanlar bolsa gechmishi gowy bolan gyzlary gözleýärler...
05, Dekabr-2013ý (17:04)
Jogapla +6

Gurban Berdyyew yalyk bizin yene bir rowayatymyz,..

Разочарование от низкого качества длится дольше чем радость он низкой цены!
05, Dekabr-2013ý (18:12)
Jogapla +8

шыгы s 31, Maý-2011ý (17:55)

1997 ýylyň 7 martynda türkmen halky uly ýitgä sezewar bolup, öz adyny külli äleme maglum eden pälwan ogly Altymyrat Orazdurdyýewi ýitirdi. 1969 ýylyň tomurynda Mary welaýatynyň Sakarcäge etrabynda dünýä inýär. Aziýa oýunlarynda özüniň nämelere ukyplydygyny, iň esasysy bolsa türkmen topragynyň bihal däldigini, ýiti zehinleri dünýä inderýänligini äleme ýaýdy. Bu zatlary gören da$ary ýurtlylar Altymyrada eger öz ýurtlarynyň adyndan cyky$ etse diýen zadyny berjekdiklerini aýdanlarynda Altymyrat ynamly hem kesgitli "Men diňe türkmeniň ýa$yl tugunyň astynda cyky$ ederin" diýipdir. Cünki Altymyrat türkmeniň mukaddes halal duzuny iýip kemala gelen. Altymyrat ýaly adamzady haýrana goýjak ogullar ýene-de doglar. Emma hic biri Altymyradyň ornuny tutup bilmez.

Ýene bir gün ýyldyz süýndi asmanda, Türkmeniň ner ogly guma garyldy. Ilini-ulusyn goýup armanda, Oň ömür daragty solup-saraldy.

Türkmen sportunyň parlak ýyldyzy bolan Altymyrat baradaky ýag$y ýatlamalar kalplarymyzda baky ýa$ar.

Adam yashap yorende. Yalan yaly oljegi. Emma uly olende. Son bilinyar olcegi.
05, Dekabr-2013ý (18:16)
Jogapla +7

Beyik

Taraşlap şaglatgyn gowne geleniñ, Senden soñkylara yadygar bolar!
05, Dekabr-2013ý (18:24)
Jogapla +9

" Türkmendir"
Gerçek ýigit, goç ýigit, oýlan, parasat eýle,
Türkmeni beýik edip biljek diňe Türkmendir!
Zyýarat kyl geçmişe, geljege sapar eýle,
Türkmeni beýik türkmen edip biljek — Türkmendir!

Türkmen ogly şir ogludyr, şir balasy şir bolar,
Egniň gysyp, ýüzüň asmak namys bolar, ar bolar.
Il-gün üçin ylgana mydam ýeňiş ýar bolar,
Türkmeni beýik edip biljek diňe Türkmendir.

Geçmişiňden nusga al, bol geljege görelde,
Yedi yklym buýsansyn är Türkmeni görende.
Türkmeniň tutan ýoly dünýä bolsun ýörelge,
Türkmeni beýik türkmen edip biljek — Türkmendir.

Danalykda danyşment bol, pyragydyr gorkuda,
Batyrlykda — Alp arslana, çagry bege, togrula.
Yzdan ýörmek gelişmez oguz hanyň kowmuna
Türkmeni beýik Türkmen edip biljek — TURKMENDIR!!!

Ýygyp ýörka ýowşan towşan, Çal möjege duşan towşan. Towşan towşan, towşan towşan Öýlerine gowşan towşan.
06, Dekabr-2013ý (08:22)
+1

Turkmenbashyn goshgylary chozyalay!

Great people talk about ideas, middle people think about things, small people talk about other people.
05, Dekabr-2013ý (18:28)
Jogapla +8

Yene bir gun yyldyz sunni asmanda.Turkmenin ner ogly guma garyldy. Ilini ulusyny goyyp armanda. On omur daragty solup saraldy. Hak oglyn harlama haramlyk bilen. Sohrat almaz para berginlik bilen. Yarysdan goydylar karamlyk bilen. Sondan bagry dasly Altymyradyn.

Taraşlap şaglatgyn gowne geleniñ, Senden soñkylara yadygar bolar!
05, Dekabr-2013ý (20:11)
Jogapla +5

garga yuzlerce yyl omur suryar, emma burgut bolsa 35-40yashdan kanbir anyry gecip bilenok! Emma ol az yashasada uz yashayar!!!!!!!!! Altynmyrat yaly adam indi dunya inmez!!!!!

05, Dekabr-2013ý (20:17)
+6

BAr diyen wideony biz bn paylashyp bilmersinmi?!

-Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr, Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat ! Magtymguly Pyragy
05, Dekabr-2013ý (21:15)
+2

бар досдум, интернеде гоюп билемок. Ашгабатда болсан диск язып берейин, яда флешка зынып берейин

05, Dekabr-2013ý (20:15)
Jogapla +5

Her name diysegem olyar adamlar, Yzda eser galyar, galyar saz mukam, Ýöne bizi sheyle unji-gam bilen, Gerdeninde goterjekler barmykan!!!!!

05, Dekabr-2013ý (20:35)
Jogapla +4

Gynançly.. Allah ruhuny $at, mekanyny Jennetden eýlesin, En$allah.

Mevlam(c.c) neýler, neýlerse güzel eýler(:
05, Dekabr-2013ý (20:53)
Jogapla +5

gaty beyik oglandy Altymyrat... Nurishkadam kop cykyshynda yatlardy...

Hem akyl ber,hem ilinden akyl al, kitapdan dal gara yerden nakyl al. Alan zadyn demin bilen yakyp al, Son yene-de yerin suydun emip git....
05, Dekabr-2013ý (21:18)
Jogapla +3

Ussat sport halypamyz böwrek sirrozundan ayryldy.Yatan yeri yagty bolsun!

06, Dekabr-2013ý (00:17)
Jogapla +1

Pahyryñ ýatan ýeri ýagty bolsun
jaýy jennetden bolsun.

Beýik adam, türkmeniñ abraýyny dünýa galdyran.

Türkmeniñ tuguny dünýä ýüzünde galgadan adam.

Pahyra hormatymyz uludyr.
Özi ýogam bolsa ady hich hachan dünýeden gitmez.

Мару-Шаху-Жахан.
06, Dekabr-2013ý (00:24)
Jogapla +4

Sport karoly Altymyrat

Prikol karoly Nurishga.

Bally Hajy ba halk aýdymy ilki ritme gechiren.

Pahyrlañ ýatan ýeri ýagty bolsun.
Jaýlary jennetden bolsun.

Beýik adamlar!
Hich hachan ýatdan chykmazlar!

Мару-Шаху-Жахан.
06, Dekabr-2013ý (00:29)
Jogapla +2

Yatan yeri yagty ruhlary shat bolsyn.

Talyp_2013(mini).
06, Dekabr-2013ý (00:39)
Jogapla +3

Altymyrat dünýäni añk eden pälwan

Durmush etýär ekeni Bar zada kaýyl
06, Dekabr-2013ý (02:54)
Jogapla +2

Disikleri satylya, baryp 2manadyň berip alaýmaly

06, Dekabr-2013ý (10:35)
Jogapla +4

Altymyrat Orazdurdyýew - beyik adam, beyik sportsmen! beyikler ölenok,
ol biziñ yüregimizde yashayar!.. 27 yash - sheyle uly derejelere yetmek
ücin örän kiçi yash, özem sheyle agyr shertlerde... wahhh birje yetmeýän
zady olimpiýa çempiony däl, shol haramzada, nebisine haý diýip bilmeýän
trenirsumagyñ Altymarady yaryshdan galdyrmaga nädip yüregi etdikä?.. ay
borda her gezek Barselona-92 olimpiadasy barada bir zat görsem, ýada
bir zat eshtsem Altymyrat Orazdurdyýew ýadyma düshüp aagym tutyar...
Altymyrat aga - Ýatan ýeriñ ýagty bolsun!!! jayyñ jennetden bolsun!!!

06, Dekabr-2013ý (10:37)
Jogapla +4

The 25 greatest sports conspiracy theories of all-time kitabynda Altymyrat barada!



1992-nji ýylda Barcelonada! öňki SSSR-den Estonia, Latwiýa we
Litwaniýadan beýleki 12 ýurt sng (GDA) ady bilen gatnaşýar, we olaryň
trenneri russiýadan Wasiliý Alekseýew! ýaryşmada Altymyrat öňde
(favorite) görkezilýärdi emma ýaryşma 15 minut galanda Alekseýew
Altymyradyň ýaryşa gatnaşmajakdygyny aýtýar, rus Ibragim Samedowyň
ýeňiji bolmagyny isleýärdi, emma Altymyradyň ony ozdurjagyny bilýärdi.
Altymyrat, kümüş medala razydygyny, Samedowdan öňe geçmejekdigini
aýtsada Alekseýew Altymyrdayň gatnaşmagyna rugsat bermeýär we Samedow
belaň sapynam alyp bilenok. We soñ medalsyz yzyna gaýtýar!

06, Dekabr-2013ý (10:39)
Jogapla +5

"Güýji bilen dünýä dolan."

awtor: Atamyrat Shaguly/ türkmenistan zaman gazedi.



Arada öýmüze Beýik Britaniýadan bir uly hat geldi. Ony Mançester
şäherinde ýaşaýan arkadaşymyz Bähmen Akatabaýy ýollapdyr. hatyň
gapdalynda Amerikanyň Nýu- ýork şäherinde çykýan “San- santinil”
gazeti-de bar. Gazetiň esli ýerini “türkmenleri dünýä tanadan gerçek
Altymyrat Orazdurdyýewiň ýaşan ömri bütin dünýä nusgadyr” atly makala
tutup dur. Ony Amerikaly žurnalist Jud Kamilloun ýazypdyr. Makalanyň
ortasynda belli ştangaçynyň suraty ýerleşdirilipdir. Makalada dünýäniň 3
gezek we ýewropanyň hem 3 gezek çempiony, dünýä meşhur türkmen gerçegi
Altymyrat Orazdurdyýewiň ömür ýoly yzarlanylýardy. Geliň, ol makalanyň
käbir ýerleri bilen tanyş bolalyň.



“...Meniň türkmen ştangaçysy, dünýäniň we ýewropanyň 3 gezek çempiony
demir goşarly Altymyrat Orazdurdyýew hakynda şu gazetde ilkinji çap
edilen makalamdan bäri 19 ýyl geçipdir. Ol makalanyň ady “Sowet
ýolbarsynyň akyla sygmajak ýeňşi” ady bilen 1989- njy ýylyň 28-nji
maýynda çap edilipdi. Görüp otursam, ol bendäniň aradan çykanyna-da
eýýäm 12 ýyl geçipdir.



Hawa, arada meni Nýu-ýorkuň dünýä belli “World sports” klubyna
çagyrdylar. Ol ýerde dünýäde yz goýan türgenleriň hatyra güni geçirilýän
eken. Hatyra agşamynda maňa Altymyrat Orazdurdyýew hakynda çykyş etmegi
tabşyrdylar. Meniň nobatym ýetende, uly tolgunma bilen söze başladym .



Altymyrat Orazdurdyýew Garaşsyz , Baky Bitarap Türkmenistanyň Mary
welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Ak ýap” obasynda 1969-njy ýylda
maşgalanyň dokuzynjy çagasy bolup, sadaja bir öýde dünýä inýär. Daş-
töweregi aňňat-aňňat gum depeli, gumaksyja ýolly, ekinzarlykly ol oba
heniz iglije bolup dünýä inen, 5 ýaşyna çenli ejesini emen, ikinji
synpdan tä altynjy synpa çenli mallaryna ot ýygan, az-kem ulalansoň
kolhoz işine gidip, Traktoryň tirkegindäki bedre şekilli guýguja azot
guýýançy, soň çaýçy bolup işlän bu çepiksije oglan bilen adynyň bütin
dünýä doljagyny heniz bilmeýärdi.



Altymyrat okuwyny Aşgabadyň ýöriteleşdirilen sport mekdebinde dowam
edýär. Okuwy tamamlap, ol watan gullugyna gidýär. Ol ýerde sport
rotasynda ştanga göterýär. “dinamo” klubunyň hatarynda ýaşlaryň arasynda
Amerikada geçirilen çempionatynda 19 ýaşly ýigit 75 kilogram agramda
çykyş edip, Birinjiligi eýeländen soň gullukdan boşadylýar. Soňra ol
Aşgabatdaky bedenterbiýe institutynda okaýar. Sheýdip, ol Gresiýada
dünýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanýar we Afinyda dünýäniň
çempiony bolup watanyna dolanyp gelýär. Altymyradyň tälimçisi, 33 ýyllap
bu ugurda işlän,70-den gowrak sport ussatlaryny taýýarlan Bruno
Abramýan ol hakda “ Altymyrat ştangany agramy ýok ýaly edip, ýeňil
galdyryp bilýär, bu bolsa ajaýyp türgeniň mümkinçiliginiň entek
çäksizdigini aňladýar”diýýär.



1991-nji ýylda Altymyrat Orazdurdyýew ulularyň arasynda dünýäniň
çempiony diýen ada eýe bolýar. Shonda oňa Aşgabatdan jaý bilen maşyn
sowgat edýärler.



Wagt geçip, olimpiýa oýunlary ýetip gelýär. ýöne Barselonada geçiriljek
şol olimpiada dünýäniň iň güýçli gerçegi Altymyrat Orazdurdyýew, GDA-nyň
agyr atletikaçylar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi bolup işlän
W.Alekseýewiç sport sowetiniň rugsadyny alman, eden-etdiligi we
özüniň-de şol ýaryşdan soň ýolbaşçy bolup bilmejegine göz ýetirip, gara
nebsi üçin namart hereketlere ýüz urmagy netijesinde, göz-görtele
namartlyk bilen ýaryşdan galdyrylýar. Bu ýaramaz hereketler gerçek
ýigidiň biline urlan ýaly edýär. Ýöne gujur- gaýrat, tutanýerlilik,
yhlas, ynam sil deýin möwç urup akyp barýan ýigidi togtadyp bilmeýär.



1994-nji ýylda ol Awstriýada geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşýar .
Shunlukda, her egninde adam oturaýmaly, çiginleri naw ýaly türkmeniň
gerçek ýigidi bolgariýaly Iwan Teodorowdan 37.5, Ýaponiýaly Kozuhiro
Nishimuradan 65 kilogram köp göterip, ýagny, agyr atletikanyň iki
görnüşi boýunça 357,5 kilogramy göterip, dünýä çempiony bolýar.



Pikir edip görüň! bu akyla sygjak zat däl, 357,5 kilo! beýle agramy göterip biljek gerçek ýer ýüzünde başga ýokdy.



Altymyrat Orazdurdyýew dünýäniň üç gezek çempiony, üç gezegem
ýewropanyň çempionydyr.Ol dünýä derejesinde ägirt uly ýeňşe eýe bolan
ýeke-täk gerçekdir. Bassyr üç gezek dünýä çempiony bolan adam dünýäde
başga ýokdur.



1996(97)-njy ýyl türkmenleriň adyny arşa göteren Altymyrat Orazdurdyýew
pany bilen hoşlaşdy . Ony önüp-ösen obasyndaky, şol gumaksyja köçesinden
il-halk egninde göterip gonamçylyga alyp gitdiler. Bary-ýogy ýaşan 27
ýaşynyň içinde il-halkynyň, ýurdunyň, abraýynyň agyr keşigini egninde
göterip gelen gerçek ýigit ýeke sapar, diňe şol sapar eginlere agram
berdi...



Türkmenleri dünyä tanadan gerçek Altymyrat Orazdurdyýewiň ömri bütin dünýä nusgadyr...



” “San-santinil” gazetinde ýerleşdirilen makalanyň gysgaça mazmuny
şeýle. Makalanyň soňunda hatyra agşamyna gatnaşan müňlerçe adamlaryň
çykyşy bir gulaga öwrülip käsi gözi ýaşly, käsi buýsançly başyny aşak
egip diňländigi hem-de türkmen gerçeginiň hatyrasyna mähelläniň ör
turup, dymyşlyk edendigi aýdylýar.



Makalany tolgunman okamak mümkin däldi. onsoň türkmeniň gerçek ogly
hakynda pikir edip, Öň ol hakynda aýdylan publisist Annamuhammet
Nepesowyň “Altymyrat”diýen kitabyny, meşhur mirasgär ümür eseniň “Gaýrat
goýazy gelende”, halypa žurnalist Baýram Sähedowyň “Başyňy belent tut,
Altymyrat!”, žunalistler Ylýas Amangeldiň “Altyn medalyň arka tarapy”,
Annamyrat Akyýewiň “Çempion bolmak kyn düşäýmese” atly makalalaryny,
şahyr Hajy Kakalyýewiň “Altyn alman gelme, balam”, Meret Mälikowyň
“Altymyradym” atly goşgularyny birlaý gözden geçirdim. Bularyň hemmesi
Altymyradyň şöhr

06, Dekabr-2013ý (10:40)
Jogapla +5

Shol makaladan ýadymda galanlardan (Altymyrat barada).



Shol interwýuda Altymyrat gürrüň berýär. Makalaň ady «Altymyradyň ahmyry».



Garaz, Altymyrada gowy iýip- içmek üçin sportkomitet iýmit talonyny
berýär. Altymyradyň ol agramlary götermegi üçin nähili gurply
iýmelidigini özüňiz bilýäňiz. Umuman, Altymyrady Teke bazarda ýerleşýän
ozalky awtostansiýaň naharhanasyna talon berýäler. Shonda ol pahyr
aýdýar «men ulumsylyk edip diýemok, ýöne ol awtowokzalyň naharhanasynda
näme we nähili iýip içeýin? Çuberekmi? fitçimi?.....» barmaýar ol ýerik
naharlanmaga Altymyrat. sportkomitetiň planam şoldy. Ýagny, Altymyradyň
iýmedik naharlaryny iýildi edip ur puly jübä.... utanç. Bir sportsmeniň
çöregini kesmek. (başga bir dosty ony gowy restoranlarda naharlamagy
boyun alýar).

06, Dekabr-2013ý (10:44)
Jogapla +4

Iki gezek Germaniýada, bir gezegem Eýranda çykysh etdim. Iki gezek
Germaniya kommerçiýa ýaryshyna gidenimde (öz hasabymyza) diñe shol
ýarysha gatnashandygym üçin 2005 dollar tölediler. Olam yarysha
gidenimi- gelenimi ýapdy, harjy pul boldy. Eýrana gidenimde, ýenija 6müñ
dollar baýrak goýulýar diýdiler. Ýogsa-da, biziñ Türkmenistanly
jurnalistlermiz shol yaryshy Aziýañ çempionaty diýibem atlandyryp
çykdylar. Ýok, ol eýranly belli shtangacynyñ hormatyna görä guralan
halkara turnir. Ýarysha baranymyzdan son, 6 mun dollar diyilýaniñ
ýalandygyny bilip galdyk. Ýaryshy gyzygy gaçdy. shonda-da ikinji ýeri
aldym. Shol ýerdenem, Tährandan Moskwa, Moskwadanam Berline bilet alyp
Germaniýa bardym. Kommerçeýa turnire gatnashyp, birinji ýer alybam
watanyma gaýdyp geldim.Gynansamam, gazetler Altymyrat Eyranda Aziýa
çempionatynda ikinji ýer aldy diyip yalnysh yazyp. Germaniýada birinji
ýer alandygym barada asla yazmadyrlaram. Sport ugrundan ýazýan
jurnalistler turnir bilen çempionatyn bir tapawudyny bilaýseler.



-ýanky habarlaryn hiç birem çykmandy, ýöne > ýalnyshlardan hoshal
däl. Bize sportuñ speçifikasyny, aýratynlyklaryny içgin öwrenmegin
gerekdigine düshünýärin. Diýip sportun jankoerleri maña duýdurdylar.
Menem > diýdim. > -diýdim ... hawa, shu gürrüñdeshlikden soñ
Altymyrat dünýä çempionatyna, Awstraliýa gitdi. Shonda ol özüne
Ukrainadan jañ eden palwandan üstün çykdy. Indi ol dünýaniñ üç gezek
çempiony, üç gezegem Ýewropanyñ çempiony. türkmenlerde, diñe bir bizde
däl, dünýä derejesinde ägirt uly ýeñishe eýe bolan ýeke-täk gerçek!
Dogrusy, üç gezek bassyr dünýä çempiony bolan adam dünýäde bardyr
öydemizok, baram bolsa, barmak basyp sanaýmaly bolsa gerek. Berekella,
Altymyrat! sen, Garashsyz ülkamiziñ abraýyny dünýä derejesinde göterip
bildin! Berekella!... kitap çapa tayyarlanyp ýörka, Ýaponiýanyn Hirosimo
shäherinden ýene-de bir shatlykly habar geldi. 12-nji Aziýa sport
oýunlarynda Altymyrat Orazdurdýew 76-kilogram agramda çykysh edip altyn
medala mynasyp bolupdyr. Biz onun sheýle boljagyna ynanýardyk.
Entek-entekler pälwan özüniñ güýjüni görkezer diyip ynamly aýtsa bolar
diýipdik .

06, Dekabr-2013ý (10:47)
Jogapla +4

Indi Kuznesow, Kasanow yaly dunya belli stangacylar bilen yarysmaly
bolyardy. Olar Altymyrada kan bir yuz bermeyardiler, gownyetmezcilik
edyardiler. Belki, shondan bolmagam mumkin, belki, 3 sportsmenin dine
birinin gitmeli bolýandygyndan bolmagam müñkin, Altymyrat diýseñ
tolgynyp bashlaýar. Netijede, turgenleshikde aýagynyn damary çekip,
ýöremekden hem galýar. Uzak gije ýatyp bimän oturyp geçiryär. Gözüniñ
öñünde öz ili, agalary,bütin halky; "Altymyrat biz sana ynanýarys, üstünlige garashýarys"
diýip durlar. Ine, onsoñ ýerinden galyp bilmeseñem öz borjuñy ýerine
etirmek üçin aýaga galmaly bolýar. Altymyradyn öñünde
Kuznesowdan,Kasanowdan öñe düship, ýeke-täk ( öz agramy boýunça) Afina
gitmegi üçin 207 kilogram shtangany götermek wezipesi durýardy. Ol
agramy iki gezek alyp bilmandi. Üçinji gezek götermäge baryarka,
Kuznesow gapdalyndan çykyp: "sen-a Afina gitmersiñ ", diýip ona
gyjalat berýär. Shol gyjalat üçin Altymyrat häzir Kuznesowdan minnetdar.
Sebabi ol gyjalata galmajak bolup ähli güýjüni jemleýar we aýagynyñ
agyrsyna döz gelip , shol agramda göterýär. Sheýdibem, Afina uçýar.
Afinyda ol bashga agramda çykysh edýan bakuwly Süleymanow bilen bile
bolyar. Gijesine: "Özüm asgynlyk çeksemem, Süleýmanow soyuzymyzyn abraýyny dünýä ýüzinde gorar"
diyip, Alymyrat pikirlenip çykýar. Ertesi ir bilen, gijeki pikirlerini
paylashmak üçin Süleýmanowyn ýanyna barýar welin, ol jaýynda yok. Ol "Turkiýa gitdi" diýyärler.



"Taýyarlygyn shu ýagdayda bolsa, saña çempion bolaýmak kyn düsher " diýip sportun jankoýerleri mana duýdurdylar. Menem "turgenleshik geçmesemem, bir adalyk götererin" diydim. "Galanynam näme, görmeli-dä! Agalarymyñ, daýylarymyn ýüzüni gyzartmajak bolaryn" -diýdim ...


Teswir ýazmak üçin içeri giriň