Lakamym:
Açarsöz:
Menem araňyza goşaýyňda?!
Wah, Men paňkelle ýene-de unutdym
Geliň ejeler hakda ýazalyň!!! | Edebiýat | Teswirler

Geliň ejeler hakda ýazalyň!!! (Edebiýat)






Bu dunyade sende in yakyn dost barmy diyseler saginmanjik "hawwo" diyip jogap bererdim. Oda men ejem-kakam. Chunki bashyma islendik kyn yagday gelende dost bizden yuzuni owrup giden-de ejemjan we kakamja men dadyma ilki bolup yetishjek dostlarym, yakynlarym, mahribanlarym!




Bir adam Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyna gelip: “Ýagşylyk etmeklige iñ mynasyp adam kim?” diýip soraýar.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem):
“Ejeñdir” diýýär.
Ol adam: “soñra kim?”
Pygamberimiz: “Ejeñdir”
Ol adam: “soñra kim? ”
Pygamberimiz: “Ejeñdir”
Adam: “soñra kim?”
Pygamberimiz: “Kakañdyr diýýär” .





Beyik alym bar saňa bir sowalym,
Ýeriň çekish guyji, Enäniň mähri 
Haýsysy güýçlikä etmezmiň mälim. 
Alym bolup kän kitaby sermedim 
Şondan bashga zada ünsem bermedim .
Çägin tapdyk yeriň çekish güyjuniň ,
Emma enäň mahrin çägin tapmadyk.










Diňe Ejemiz bizi bütin ömür göterýär: 9 aý garnynda, 3 ýaşa çenli elinde we bütin ömür ýüreginde....Eje jan, seni söýýän!






Eger «dünýäde iiñ köp bergili adamyñ kim?» diýseler «Enem» diýip jogap bererdim. Enelerimizi näçe begendirsegem, az. Enelermiz bizi çagalar bagyna günde elimizden tutup äkiderdi, günde egin-eshiklerimize seredishdirip mekdebe ugradardy, ýokary okuw jaýlaryna girmegimiz üçin Ene-Atamyz derläp zähmet çekdi, bizi dyrnak ýaly wagtymyzdan bashlap ep-esli bolýançak ýagny «adam» bolýançak aladamyzy edip, mähirlerini bize bagysh eden Enemizdir. Meniñ üçin iñ uly mukaddeslik - ENEM-ATAM!


Sen hakda yazypdyr Kerim $ahyram, 
Her deminde ene diyen adyñ bar, 
Sen hakda yazypdyr Gurbannazaram,
Her bendine siñen ene mähriñ bar.


Wasp edip bilmerin Gurbannazar dek,
Syganok kalbyma mukaddesligiñ,
Ussatlar waspyñy yùz gezek yazsa, 
Mûñ gezek götärin adyñ ar$a dek. 


Sen nähili mährem mähriban ene,
Goy ynjasyn seni ynjydan yurek,
Ene hemme yerde enedir yene,
Goy aglasyn seni agladan yurek! 


Aglatmasyn meni eneli bentler,
Men aglayyn aglamasyn eneler,
Ynjamasyn ynjamasyn hiç mahal,
Yazylmasyn agyr dû$en setirler











Dowamy teswirde


Ses berilşik ýok.


Halanan (34)
Jemi 74 sany teswir.
Okalan sany: 2388
  • Awtora, bu blog üçin berilen minnetdarlyklar:
  • - Gowy ýazylypdyr (0.1 TM) - guga88
  • - Gowy ýazylypdyr (0.1 TM) - guga88

Pikirlerde paýlaş

01, Dekabr-2013ý (13:35)
Jogapla +9

Bir gün Resulallah Pygamberimiz (s.a.v), gyzyna Hz.Fatma şeyle diýýär: Jennete giren ilkinji aýal kim bilýäñmi? Hz.Fatma şeýle diýýär: Eý Alemlerin söygülisi men dälmi? Resulallah (s.a.v): Yok, plan ýerde, plan öýde bir aýal bar, ol.Hz.Fatma şeýle diýýär: Ol Jennede ilkinji girer ýaly nähili işleri edipdir. Resulallah Pygamberimiz (s.a.v): Bilesiñ gelýän bolsa gitde ony görüp gel diýýär. Hz.Fatma taýýarlanyp şol aýalyñ öýüne gidýär. Baryp gapyny kakanda, bir aýalganç ses oña seslenýär. Kim siz? Hz.Fatma: Men Fatma-Aýal :Haýsy Fatma? Hz.Fatma: Resulallahyn gyzy Fatma. Aýal: Gaty görme iki dünýäñ serveringyzy, şu wagt ýoldaşym öýde ýok, maña menden başgasyna gapyny açma diýip tabşyrdy. Mende söz berdim açyp bilmerin eý Resulallahyñ gyzy. İslesen ertir gel, başymyñ üstünde yeriñ bar, saña janym gurban, ertire çenli ýoldaşymdan rugsat alaryn. Bolýar diýip diýip Hz.Fatma ertesi gün gelerin diýip gaýdýar. Ertesi gün Hz.Fatmanyñ ogly Hz.Hüseyin menem alyp git diýip haýyş edýär. Hz.Fatma hem oglynyñ göwnüni ýykmajak bolup, bolýar diýýär. Şol aýalyñ öýüne ýene gelip gapyny kakýar. Kim Siz? Hz.Fatma: Men Fatma. Eý Pygamberimizin eşretli gyzy ýanyñda bir erkek çaganyñ sesini eşitýärin. Kim ol? Hz.Fatma: Ol oglym Hüseyin. Ol hem ýanymdan gelmek isledi, ýok diýip bilmedim diýip jogap berdi. Aýal gynanyp şeýle diýýär: Gaty görme Hz.Fatma men ýoldaşymdan diñe sen üçin rugsat aldym diýýär. Sen bu gün git ertir gel, oglyñ üçin hem rugsat alaryn diýýär. Bolýar diýip Hz.Fatma yzyna gidýär. Ertesi gün Hz.Fatma bilen ogly ýola çykanlarynda, doganynyñ bir ýere barýanynygören Hz.Hasan aglamana başlaýar. Hz.Fatma oglyna ýüregi awap, göwnüne degip bilmän ony hem ýany bilen alyp gelýär. Aýalyñ öýüne gelipgapyny kakaýarlar.Yene-de ol aýylganc ses seslenýär, kim siz?Fatma: Men Fatma diýýar. Yanyñda kim bar eý Hz.Fatma ? Hz.Fatma: Ogullarym Hüseýin bilen Hasan bar diýýär. Hüseýiniñ gelýänini görüp , menem gitjek diýip aglady menem gynandyryp bilmedim. Aýal: Gaty görme Hz.Fatma, men ýoldaşymdan diñe sen we oglyñ üçin rugsat soradym. Ertir gel Hasan üçin hem rugsat alaryn diýýärHz.Fatma bolýar diýip yzyna gidýär. Ertesi gün Hz.Fatma ikioglyny alyp şol aýalyñ öýüne baryp gapyny kakýar. Aýal: kimsiz?, Hz.Fatma: biz diýip jogap berýär. Aýal: Eý Hz. Fatmaýanyñda ogullaryñdan başga kim bar diýýär. Hz.Fatma: Hiç kimdiýip jogap berýär. Aýal gapyny açýar. Gapyny açan owadanörtünen, şeýle bir owadan aýalmyş, ýüzünden nursaçyarmyş. Aýal: agzyndaky armydyñ kiçeñräk şeklindäkidaşy çykary, hoş heldiñ sapa geldiñ Hz.Fatma diýýär: Hz.Fatma ilki bilen aýalyñ ýoldaşyna bolan sylagyna begenýär. Soñra şeýlediýýär: üç gün kim diýip jogap beren garry aýal senmi diýýär. Aýal: ýok . Hz.Fatma: onda olgarry aýal kimdi?.Aýal: Garry aýal ýokdy eý Hz.Fatma, agzymda daş bardy şol sebäpli sesim başga çykdy. Hz.Fatma: Näme üçinsesisiñi üýtgetdiñ? Aýal: Belki şol wagt golaýda erkek kişi geçip barýandyr we sesimi eşidip ýaman niýet bilen bakar diýipsesimi üýtgetdim diýip jogap berýär.





01, Dekabr-2013ý (13:36)
Jogapla +5

Gowy ýazypsyňyz!

*** TM CELL - Siziň aragatnaşyk operatoryňyz... *** TM CELL BILEN GALYŇ! *** 0064687130, 0063381878, 0064888659, 088, 932026 *** www.tmcell.tm, www.tmcell.ulty.ru *** WeChat ID: TM8033511 Line ID: 8033511 Mmeet ID: 8033511 http://tzsx.aslom.ru/143438/4150595/ http://goo.gl/qWMIdj
01, Dekabr-2013ý (13:36)
Jogapla +6

Tuys yerlikli tema...

ॐ_ॐ
01, Dekabr-2013ý (13:36)
Jogapla +9

Kellamde bir pikirn gunume goyman.

Cagyryar meni taze
durmusha.


Durup bilmeyan men
galamym alman.


Yazyan shol hakynda
taze kagyza.



Ene hakda yazjak bolyan goshgyny.

Beyik ynsan egyan sana bashymy.

Bagyt bilen gurshamakcy dashyny.

Ejem hakda yazyan bu gun kagyza.



Uzaklarda yazya korpeje oglun.

Sizi goresim gelya duyshumde gordum.

Senin her bir aydan owdune uydum.

Kabam hakda yazyan bu gun kagyza.



Jan kabam okap yorun sag aman.

Men yagdaylam gowy alada etman.

Gechenok gunlerim sizi yatlaman.

Ejem hakda yazyan bu gun kagyza.



Galamym yitelya gun gunden one.

Yoreyan ejemjan komegin bile.

Ejejan seni dal meni alsyn alla.

Kabam hakda yazyan bu gun kagyza.



Gozlerimde yashym sen duyyan yaly. 

Her gun Sesin eshtyan yanymda yaly.

Jan ejem sen elin jennet mysaly.

Ejem hakda yazyan bu gun kagyza.



Buysan ejem menin ahli islegim.

Sizi buysandyrmak omur arzuwym.

Siza mana shirin jandan jan beren.

Ejem hakda yazyan bu gun kagyza.



Yuregim alawly gozlerimde ot.

Ejejan oglun bagytly hem shat. 

Belki berilendir shahyr bolmak bagt.

Ejem hakda yazyan bu gun kagyza.



Kicilikde garagolluk etsemde.

Urmazdynyz nace gaty gitsemde.

Sapak edinipdim barysyn ozume. 

Ejem hakda yazyan bu gun kagyza.



Nesip bolsa jan kabamjan soz beryan.

Menin ucin size sag bol diydirin.

Alla sygyndygym sana uydugym.

Ejem hakda yazyan bu gun kagyza.



Hacanda yazamda size bagyshlap.

Yashlarym kagyzy gidya nagyshlap.

Kerim soyup yazdy yurekden islap.

Janym kabam kyblam atam Adyna.





01, Dekabr-2013ý (13:38)
+6

Gaty gowy tema eje barada nace aytsanam az.

Bagty bolsyn kime baran bolsa-da,Birwagtlar bagtym diýip bakanym.Duýdum, direg däl ekenim dünýäde,Olam görki däl ekeni jahanyň
01, Dekabr-2013ý (13:41)
+3

goşguny okap menem tasdan telefonymyň üstini nagyşlapdym

yza ýol ýok
01, Dekabr-2013ý (13:38)
Jogapla +6

Berdim gözel atamy, ýaşlygymda elimden,Gamyş ganat bilbil dek, jyda düşdüm gülümden,Alty ýaşda däde diyýp, aýrylmazdym dilimden,Bildirmäni ýoklugny, meni saklan enemdir.
Ejem pahyr ýüň darap, dokma dokyp oturdy,Özi aýal hem bolsa, erkek işin ederdi,Bikär galman elmydam, bize çörek ýetirdi,Hem atamyň ýerine, meni eklän enemdir.
Oglanlykda bilmezden, "Däde" diýip aglardym,Garyp enem göwnüni ahlar urup daglardym,"Geler ataň!" diýilen, söze göwnüm çaglardym,tikin tikip, ig egirip, meni saklan enemdir.
Ýedi ýaşa ýetemde, mekdep-medersä berdi,Harjymyzy tapmany, it tekin günler gördi,Juwanlykda garyplyk, hem ýekeligiň derdi,Dagdan agyr hem bolsa ýene saklan enemdir.
Tam ýerine gargydan, bir gat küme saldyryp,Agaç tapman gyş güni, sygyr tezek ýandyryp,Özi gizlin aglasa, meni mydam güldürip,Gamyş ganat guşuna, ganat beklän enemdir.
Şükür kadyr Hudaýa, bir myrada ýetişdim,Uly bolup bir öýe, il içine gatyşdym,Garyplygyň urşunda mertlik bilen atyşdym,Her ýagdaýa düşemde ýene eklän enemdir.
Altmyş üçe ýetişdim, peýgamberiň ýaşyna,Enem-atam dek men hem, barsam Resul gaşyna,Arzuwym bar zyýarat, etsem gara daşyna,Ýumşak ýürek bolmaga, meni kaklan enemdir.
Bir bäş kelam hat ýazdym, garyp üçin ýädigär,Ýetmiş iki ýaşynda ötdi atam doga zar,Segsen dokuz ýaşynda, ýaşar enem maňa ýar,Döwletim bar göz açyp "Serhoş" saklan enemdir.Hakykaty men ýetim däl, ýöne ýetim bolup ýazdym.





01, Dekabr-2013ý (13:43)
+2

Waheý,bujagaz suraty :(

Ýetim oglan it bolar,ölmese ýigit bolar
01, Dekabr-2013ý (13:39)
Jogapla +5

Ene diýen sözde bardyr müñ kerem,Enede jemlenen tükenmez mähir. Enäniñ gadryny bilgin eý adam, Entek ejeñjanyñ bolmanka pahyr. 
Eneñ saña jan beripdi janyndan, Eneñ saña söýgi berdi mähirden. Kämahal bir i$i edäýseñ telek, Ýürekden däl käýen bolar gahardan. 
Ýogsa söýýär ahyr özünden beter, Eliñize tiken batsa,ynjar ol. Ilki eneñ duýar hasratly bolsañ, Göýä peri$de deý ajap ynsan ol.
Enäniñ gadryny özüñden sora, Enäniñ gadryny sora dünýeden. Enäniñ gadryny bilmekçi bolsañ, Iñ ýag$ysy sora ony ýetimden. 
Eneleri ynjytmañ siz hiç haçan, Gözüñ göreji deý apalap saklañ. Eneñ dälmi $u günlere ýetiren.Iñ bolmanda beren süýdini haklañ. 





01, Dekabr-2013ý (13:39)
Jogapla +3


Все в твоих руках !
01, Dekabr-2013ý (13:44)
+3

Her tema gelip barmagyňy görkezip geçdiňaý senem :D

Ýetim oglan it bolar,ölmese ýigit bolar
01, Dekabr-2013ý (13:52)
+2

:D :D

Все в твоих руках !
01, Dekabr-2013ý (13:39)
Jogapla +5

Ene - ynsanýetiň tutuş geljegi,

Hem bu güni, hemem
ähli geçeni


Depäňden müň bela
inermiş agşam,


Irden birje
agladaýsaň eneňi.

01, Dekabr-2013ý (13:44)
+3

K.Gurbannepesow

Ýetim oglan it bolar,ölmese ýigit bolar
01, Dekabr-2013ý (13:40)
Jogapla +5

Biz seni söyyäris MAHRİBAN KÄBÄMSen biziň gözümiziň görejiSaňa näçe sag bolsun aytsaykda Minnetdarlyk göwnümize az yaly
Gorayaň sen bizi elhenç güyçlerden,Gözüň göreji dek ayayaň biziGije yatman süyji ukyndan gecipKepderi dek per-perleýäň JAN EJEM!





01, Dekabr-2013ý (14:40)
+2

Gamgyn suratlar :(

Ýetim oglan it bolar,ölmese ýigit bolar
01, Dekabr-2013ý (13:41)
Jogapla +6

Eneler jomartdyr, giňdir eneler,Olar kyn pursatyň kömege gelerÖmürboýy oňa beren jebriňiAhyr bir söz üçin bagyşlap biler.
Bagyşlarda baky ýumar gözüni,Agaç ata müner zemine gider,Diňe özi gitmez, beren jebriňiSütemiňi ýany bilen äkider.
Sen onsoň aglarsyň tutarsyň içiňEmme seň gözleriň şol wagta zardyr,ENE soňky demde günäňi öter,Emma oň ötdügi-saňa jezadyr!





01, Dekabr-2013ý (13:42)
Jogapla +5

Eden ishi uytgeshik,hemmelerden saylananOgullarnyn yzynda sepil bolup aylanan.Bu durmushyn bezegi,senin gayan gaymalanYurek seni kuyseyar,janym,mahriban Ejem!
Bize miras jan ejem,shayyn-sepin galmadyGaldy dine abrayyn, yaman gepin bolmady.Sen gitdin senin balan yer wagtlap agladyYurek seni kuyseyar,janym,mahriban EJEM!
Ejem barka bize, mydam ala-yaz yalySen hakda nache yazsam,heniz mana az yaly.Enelerin hemmesi bir-birine Nur yalyYurek seni kuyseyar,janym,mahriban EJEM!...





01, Dekabr-2013ý (13:43)
Jogapla +7

Bash yashdan barisi yadyma dushyar,
Ejem chagyrardy:-Gujagyma gelay,
Chep ayagym sag ayagyma cholashyp...
-Wah,jan oglum tur,yagjagaz chalay.

Budrap yykylyplar oye gelemde,
Diyerdim;-Ejejan yanymda bolay,
Sypchyran yerimi name edeyin?
Diyerdi ejemjan:-Yagjagaz chalay.

Awulyja sary ary chakanda,
Ayylganch gygyryp:-Way,ejejan way!
-Nam boldy oglum,eygilikmidir,
Pamyga sindir-de yagjagaz chalay.

On yashymda bolsa Akmyrat bilen,
Name uchin urshupdym?Yadyma salay.
Kebzami agyrdyp gelemde oye,
Ejemjan diyerdi:-Yagjagaz chalay.

"Yagjagaz chalay" diyende ejem,
Kakamam diyipdi:-Goysana heley,
Mana yone yere dugtor diylenok,
Al oglum shundan,mazjagaz chalay.

On bilenem sypchyrygyn bitmese,
Ya birki sanyjak ukoljyk alay?
Ejem bolsa:-Chagany gorkuzmasana,
Gel guzym, shujagaz yagjagazy chalay.

On bashimde barmagymy chekichlap,
Hazirem yadymda:-Ey way,jan Hudaaay!
-Hayt gygyrma oglum,gonshylar eshder,
Han-ha baklashkadan yagjagaz chalay.

-Yag chalyp,yag chalyp yagly bolduk-la,
Beylede bir yag chalyshmak bolarmay?
-Agyryny yumshadarmysh akja yag,
Bir yerin ynjytsan yagjagaz chalay.

Mana maman pahyr ündäp gidipdi,
Senem shu sozleri tabshyryk bilay.
Oglanlyk edäýýäň,yuwash bolarlar,
Her name-de bolsa yagjagaz chalay.

On sekiz yashadym,yykylman indi,
Yone eje gownum yykdylar talay,
Bashymy sypalap,arkamada kak,
Gelsene ejejan yagjagaz chalay.

Wah,eje yat yerde kuyseyan seni,
Bir yoluma chykyp yanyma gelay.
Indi chep tarapym agyryar sensiz,
Ya,indi onada,"yagjagaz chalay"?

Ýetim oglan it bolar,ölmese ýigit bolar
01, Dekabr-2013ý (13:43)
Jogapla +6

Shu goshgyny enedek
Dogurip men bu gije
Bagyshlayan eneme
Hergiz shuny goremok
Nahillidi boylary
Uzzinmi gysga eje
Gelenok la gozime
Hergiz shony bilemok
Duyshymde- de goremok
Hushymda da gormedim
Bu nahilli ayralyk
Tagdyra men dozmedim
Sheyle charesiz tagdyr
Yyllar boyy gurbanlygy
Alypdyr enelerden
Yetim goyup chagajyk
Men bu dunya gelemde
Enem ondan gechipdyr
Gun yashyp ay dogshydek
Chugly gunush yashipdyr
Gunish yeryn astinda
Ay yeryn ustunde
Gunish asla doganok
Ayda yashanok gastynda
Sen bir salgyn mana
Sana kawup yetmedim
On yashymda mazaryn
Topragyny tapmadym
Yenede men chydamly
Yuregimde kuwwat bar
Sebabi sen yadymda
Ene kabam jan adyn bar !!!.






01, Dekabr-2013ý (13:44)
Jogapla +4

Ene kän garashdy,gelmedi ogly,yene kän garashdy ogly gelmedi,Ol her saba yola chykdy gyssagly,Kesilse-de gidenleriň gelmesi.
Ene kan garashdyguyz,gyshy,yazy.yene kan garashdy.arman pashmady,her gun umytlarynyň tozushy yaly,Arzuwly yollarda tozdy pashmagy.
Ýene kuwwatlandy,Gurbat toplady.Ene kan garashdy,Gelmedi ogly,tas yarym asyr,hem bir gat topragy.Ene bile ara germedi ogly.
Ýone ene endigini bes etman,Yrgyn atyp gidip baryar ejesi.Ayagynyň astynda çirkin ses edyar,Ýanan yapraklaryň sowan jesedi.




01, Dekabr-2013ý (13:46)
Jogapla +4

Özüne getirilen bir desse güli ysgap, özüni şeyle bagtly saýan ene:- Balamy görüp bilermikäm? - diýip sorady. Gundagly bäbegi getirip enäniň gujagyna berdiler. Gundagy açyp, bäbejigň ýüzüne sereden enäniň, ýüzü çuw-ak boldy. Şol mahal otagdaky lukman hem ýüzüni sowup, penjireden daşary seredip ugrady.Bäbejigiň ähli agzalary ýerindedi, emma onuň gulaklary ýokdy. Wagtyň geçmegi bilen çaganyň eşitmekde çekmeýändigi belli boldy. Ýöne çaganyň gulaksyzlygy onuň görküne kölege salýardy.Bir gün çagajyk mekdepden öýe ylgap gelip, özüni ejesiniň gujagyna oklady. Ol ejesiniň ýüzüne özelenip seretdi-de:- Bir oglan maňa nägehan diýdi- diýip hamsygdy.Aý aýlanyp, gün dolandy çagajyk ulalyp, görmegeý ýigidekçe bolup ýetişdi. Emma ol gulaklarynyň ýoklugy, ömrüne atanak çeker öýdüp, ünjä batardy. Mysal üçin bu sebäpli ol synpyň jogapkäri bolup bilmändi. Onuň aýdym aýtmaga ukyby-da bardy. Ýöne ejesi "Köp adamlar bilen oturyp-turuşmaly bolarsyň" diýip onuň bu hyýalyny oňlamady.Ýigidekçäň kakasy bir gün maşgala lukmanyndan maslahat sorady. Lukman:- Iki gulak tapyp bilsek, olary operasiýa arkaly oturdyp bolar - diydi.Olar ogullaryna gulak berip biljek birini gözlemäge başladylar.Aradan iki ýyl geçipdi. kakasy bir gün ogluna:- Şypahana gidýäris oglum! Ejeň ikimiz saňa zerur bolan gulaklary bagyş edip biljek birini tapdyk. Ýöne ol adamyň kimdigini saňa şu wagt aýdyp biljek däl- diýip, ogluny begendirdi.Operasiýa şowly geçdi. Ýigidi indi tanar ýaly däldi. Onuň özüne ynamy hasda güýjedi. Mekdepden soň unwersitete girip, uly üstünliklere eýe boldy. Öýlendi.Günlerde bir gün ol kakasyndan:- Şol,maňa şol iki gulak bagyş eden adamy bilesim gelýär. Maňa bu ýagşylygy kim etdi? Men onuň ýagşylygyny nädip gaýtaryp bilerkäm? - diýip sorady.Kakasy oňa:- Onuň eden ýagşylygyny asla gaýtaryp berip bilmäýmeseň, oglum! Men başda dilleşişimiz ýaly, muny aýdyp biljek däl - diýip jogap berdi.Ýyllaryň geçmegi bilen bu syryň üstüni açmagyň wagty gelip ýetipdi. Ýöne şol gün ýigidiň ömründe iň gynançly günleriň biri boldy.Ol kakasy bilen bilelikde, ýaňy jan berip, bedeni sowap ugran ejesiniň jesediniň ýanynda durdy. Kakasy sandyraýan ellerini uzadyp, ejesiniň uzyn çal saçlaryny bir tarapa itdi aýalyň gulaklary ýokdy.- Ejeň şonda saçlaryny kesmedi. Ol öz gulaklaryny saňa berende şeýle bir bagtlydy - diýip pyşyrdady.

01, Dekabr-2013ý (13:47)
Jogapla +4

Bu gun seredip men suratynyzaEjemjan kuyseya yuregim siziNurly keshbinize bakan gozlerimHamala akyandek garasy agyn
Siz dunya ejejan alem jahan sizMana durmyshy bagyshlan eziz ene sizBeren edebinden ganan balan bizSagbol ejejan size mugalym size
Ejemjan gundizim kakam gijam menBiz bolsa balalan eziz balalanIberyan Allama saher howadanAllajan ezizlem bagytly bolsun men
Ilki dilegim size uly jan saglykDileyan men yene ullakan bagtHich hacan garraman galyn siz yigitYigitlikde saylanyn in yashy bolup
Gerek bolsa bereyin shirin janymyYashan siz bir omur son yene bir omurYedi omrumem alyp yenede yashanYashan Yaradanymyn ajayybyny gorup
Garraman garraman men ezizlerimGoy garrasyn dunya garrasyn alemYashan siz ene yashan siz ataGoy yashasyn yashasyn galmasyn gija
Shu gun tanyshym aglap yanyma geldiElinden gidipdir eziz kyblasyEjemjan gynandym nadeyin indiGara gozlerinden akyardy yashy
Ey dostum bu gun gor nahili senAjy aglayan sen yanyp koyyan senDunyasinin yarysyny aldyryp eldenHamala kesendek bashyny tenden
Dushunyan Ata mahri kemeldi sendeEjemjan nadeyin hasraty mundaBogozumda saklap namysym mendeYuregimde goz yash dinmeyar munda
Gije bilen gundiz doredip ynsanIsleyarler ynsandan yene bir ynsanSheydip gezya ganyn nesilbe nesilSheydip gechya omrun asyrma asyr
Ene hakda yazsam bayaya sozlemYazayyn ysgynym gachyancha goldanShahyrlardek goshup sozlerime sozlemOzume diyyarin beyik shahyr men
Men shahyrdal yonekeyje hudojnikYone yazyaryn men derya dek joshupHer joshamda bir goshgy dunya indiripYazyaryn yazyaryn eserler ashyp
Eziz enem kabam enem jan enemSizsiz nadip yashayyn jahanda menemGaranky gijedek gara gozlerdenBaksam goshyar ylhamyma yene bir ylham





01, Dekabr-2013ý (13:48)
Jogapla +4

Seljuk türkmenleri zamanasynyň beýik türkmen şahyry Enweri kalby duýgudan lummurdap duran çaglary ýagşyzada duşýar. Ýagşyzada:
— Allanyň eradasy bar, sora, göwün islegiň şu demde wysal bolar — diýipdir.
— Meniň islegim wysal boljak bolsa, käbäm enem bilen, mähriban atamyň didaryny bir pursat görkeziň, goý, olar öz balasynyň ölmän, har-hor bolman adam bolandygyny görsünler, baky dünýäde ynjalyk tapsynlar — diýip, Enweri haýyş edipdir.
Ýagşyzada Hakyň buýrugy bilen Enwerä enesiniň hem atasynyň didaryny görkezipdir. Olar didarlaşyp, bagtyýar bolupdyrlar.
Ýagşyzada:
— Sen baýlyk, soltanlyk soran bolsaň-da berilýärdi, emma has mukaddes zady soradyň. Bar, saňa ynsan göwünleriniň şalygyny berdik — diýipdir.




01, Dekabr-2013ý (13:49)
Jogapla +4

Aglama ýetim (Bäbekhanada tashlanyp gaýdylan çagalara ýüzlenme)
Balalykdan mähnet düşdi başyña,Şat gezerin diýip çaglama, ýetim!Yalan dünýä awy gatdy aşyña,Bipaýana köñliñ baglama, ýetim!
Gara gözlim, muña durmuş diýerler,Muñ jebrini dura-bara duýarlar.Bagryñ dilip, ýaraña duz guýarlar,Diliñ gys-da nähak aglama, ýetim!
Agyr geldi saña durmuş möwsümi,Allañ özi edegörsuñ gowsuny,Bir gezejik sorman eneñ göwsüni,Ýumrujagñy düwüp uwlama, ýetim!
Ýaşajyk döşüñe dolupdyr arman.Ejeñ taşlap gitdi, jemalyñ görmän,Senem galdyñ lindi ejeñi görmän.Hasrata jegeriñ daglama, ýetim!
Bu durmuşuñ oýny ýaman bet çykdy,Eje däl ol, ýala gelen it çykdy!Memmedir öýdeniñ gury süýt çykdy,Göwüs emýan öýdüp çaglama, ýetim!
Berk durgunyñ, derdiñ çakdan aşandyr,Göbek eneñ bilgin, dugtar Maşadyr.Şu günden şeýläk ejeñ - süýtli çüşedir!Emiber, işdäñi baglama, ýetim!
Ejeñ gitdi haram keýpi kowalap,Ýalñyz galdyñ, gözjagazñy tegeläp,Etjek peýdañ barmy, ýaş döküp aglap,Garaja gözlerñi çyglama, ýetim!
Durmuş entek gitdigiçe ýakalar,Süýji sunup señ ugruñy ýekelär,Loly ejeñi gylly gollar çekelär,Bu hala ýüregiñi daglama, ýetim!
Ýetim bolsañ, il hatarda durmarsyñ,Ata mährin, ene mährin görmersiñ,Pena gelip, datly döpür sürmersiñ,Ýüregiñ ot edip howlama, ýetim!
Ölmersiñ, hökuwmet kömege geler,Ýetim-ýesirleriñ gadyryny biler,Iñ ýakyn hossaryñ - ýyldyzlar bolar!Hossarym ýok diýip ýyglama, ýetim!
"Agzy açyk aç ölmez", bir döwran geler,Bir gözel ýüregiñ ýagyny alar,Ejeñem, gelniñem şol gözel bolar,Gaýry enä göwnüñi baglama, ýetim!
Musulmany çyksyn aýalyñ seniñ,Ýagşylykda bolsun hyýalyñ seniñ,Çüwsündä ýetimek ykbalyñ seniñ,Goý sesiñ, ýüregimi daglama, ýetim!
Aman Sary señ halyña bozuldy,Şahyr diýdesinden ýaşlar üzüldi,Okan goşgyñ gözýaş bilen ýazyly! Men aglaýyn, sen bir aglam, ýetim!Aglama, aglama, aglama, ýetim!
25.07.1993 Aman Sary.





01, Dekabr-2013ý (13:50)
Jogapla +4

Sahabalaryň arasynda ýetişen bir ýigit wepat edipdi. Sahabalar ony topraga ýerleşdirmek islänlerinde, toprak ony kabul etmänndi. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanansoň, sahabalar ýagdaýy pygamberimize bildirdiler. Pygamberimiz şol ýigidiň jesedine seredip, ýagdaýa düşündi we sahabalaryna:- Gidiň, bu ýigidiň ejesini getiriň! – diýdi. Sahabalar onuň ejesini getirenlerinde, pygamberimiz oňa öz oglunyň üstünde hakynyň bolup bolmanlygyny sorady, şonda ýigidiň ejesi:- Men ony dokuz aýlap garnymda göterdim, soň ony dogurdym, soň ony emdirip ulaltdym, gijämi gündiz edip oňa seretdim, ahyr soňy ony öýlendirdim. Öýlenýänçä maňa oňat seretdi, soň bolsa, ýanýoldaşynyň mährine ganyp, onuň aýdan we islän ýalňyş zatlaryny hem maňa rowa gördi, meni hem diňlemedi. Bu babatda meni köp gynandyrdy, hawa, şol sebäpli hem meniň oglumyň üstünnde hakym bar – diýipdi. Pygamberimiz ondan ogluna hakyny halal etmegini haýyş etse-de, ol razy bolmady, şonda Pygamberimiz sahabalara:- Gidiň, köp mukdarda oduun toplaň we şu jesedi ýakyň! – diýdi. Muňa ene ýüregi çydam edip bilmän şol zenan Pygamberimize:- Size haýyş edýän, oglumyň jesedini ýakmaň! – diýdi, şonda pygamberimiz:- Sen ogluň pany bolan öli jesediniň ýakylmagyna razy bolmaýarsyň, emma welin ogluň sen oňa hakyňy halal etmedigiň müddetçe, baky älemde hem ruhy, hem-de bedeni bilen has köp we has güýýçli jeza çeker, biz hem saňa şony düşündirmek uçin, şeýle etmeli bolduk – diýipdir. Şonda şol zenan ýagdaýa düşünip, ogluna bolan hakyny halal edipdir. Şondan soň onuň jesedini hem ýer kabul edipdir.





01, Dekabr-2013ý (13:50)
Jogapla +3

On ýaşlaryndäki kiçijek gyz,Okuw egin-eşiginiň iliklerini tikmekçi bolanda , gaty howlugýardy elleri bir-birine çolaşýardy.Uklap çişen gözlerini owkalap daşary çaltlyk bilen çykdy.Ýöräp barýarka aýakgabyny giýjek bolmasy ýolda emedeklemesine sebäp bolýardy.Soňky günlerde günde giç turýardy,ilkinji sapaklaryna ýetişenokdy.Mugallymlaryň beren jezalaryndan köp , mugallymlara hergün aldamaly bolýandygy, ol kiçijek ýüregini ýadadan.Bu gezek nähili bahana tapjakdy ? Uklap galanyny aýtsa, mugallym her wagtkydan beter gaharlanjakdy.Ejesine söz beripdi.Näme bolsa bolsun,başyna näme gelse gelsin, aldamajakdygy barada. Gije galan günlerinde mugallymyň bakyşlary bilen ýanyp barýan ýangyna garşy, ýalanlar arkasynda çäresizlik içinde gizlenýärdi.Mekdebiň gapysyna gelende ýörtmekden derläpdi.Saçlary çaşgyndy,ýanaklarynyň üstünde ýerleşen çiş gözleri bilen töweregine bakýady.Çekingen ädimler bilen zala girdi.Kiçijek bedeniniň göterip biljeginden agyr bolan sumkasy bilen synypyň öňüne geldi.Soňky gezek üsti başyny düzeldişdirip gulagyny ýuwaşlyk bilen synypyň gapysyny ýaplady,içeriden hiç hili ses gelenokdy.Sumkasyny eline alyp ,gapyny ýuwaşlyk bilen birküç gezek urdy.Ýuwaş ädimler bilen içeri girende, içeridäki sessizlik ýerine ,gülküler emele gelipdi.Çagalaryň köpüsi , giç galandygy üçin oňa gaharlanýar, köpüsi bolsa onuň üstünden gülýärdi.Kiçijek gyz ýerine geçmäge taýýarlanyp durka,mugallym kiçijek gyzyň ýüregini titredýän sözlerine başlady.-Dur garaş ýeriňe oturma! Saňa duýduruş bermekden jeza bermekden ýadadym,sen giç galmakdan ýadamadyň,Tagtanyň öňüne geç we ýeke aýak üstünde dur.Giç galmagyňy bes edene çenli şunuň ýaly etjek.Aýagyňy aşak gaçyranyň görmäýin.Mugallym,kiçijek gyzjagyzyň ýüregini ýaralapdy.Kiçijek gyzjagaz synypyň ortasynda näme etjegini bilmändurdy.Başga çagalaryň täzeden başlan gülküleri, her dürli bakyşlary görmedik gyzjagaz , Ýagmana taýýarlanan bulutlara direnen kiçijek gyzjagaz tagtanyň ýanyna geçdi.Aýagyny galdyranda sapak galan ýerinden dowam edipdi.Ol kiçijek aýaklarynyň dermany guturjak bolup duranda,ol wagty bilen gelmän duran jaňyň sesi gelipdi.Ýangyndan gaçýan ýaly mekdebiň gapysyna tarap ýörten çagalar yzda galdyranyny eýýäm unudypdylar.Mugallym kitaplaryny ýygnap durka synypda hiç kim galmandy.Kiçijek gyzyň ýüzünede bakman geçip giden mugallym,“Indi çykyp bilersiň “ diýenden soňra, aýtjaklary birden kellesine gelen ýaly, aýaklary ýadap giden gyzjagaza täzeden seslendi.-Dur birazajyk! Her gün sapaga gijä galýaň.Bu ýagdaý bular ýaly gitmez.Ýa keýfiň bilen uklamakdan ýa-da mekdepden geç ! Ikisini bilelekde alyp barmagyňdan ýadadym, seniň nähili ejeň bar,seni mekdebe taýýarlap wagtynda iberip bilmeýän.Birnäçe gezek çagyrsamda görmedim ýygnaklarda.Seniň bu ýagdaýyň başga çagalarada geçmegine ýol bermerin.Ýa özüňi düzelt ýä-daMugallymyň agzynda çakan ýyldyrymlar kiçijek gyzjagazyň gözlerinda garaşyp duran bulutlardan ýagyşlar ýagypdyi.Ýagýan ýagyşlar çaganyň ýüregini ýumşatmana ýetmeýärdi.Soraglar dowam edýärdi-Okamak islemeýärmisiň?Eger şolar ýaly bolsa beýle gezme !Kiçijek gyzjagaz kellesini aşak sallapdy.-Ýok mugallym, diýdi. Men okamak isleýän hemde köp.Emma men ertir bilen şol bir düýş görýän.-Näme görýäň düýşüňde ?Geçen ýyl meni ýalňyz goýan ejemi görýärin.Meni göresi gelýändigini aýdýar.Ol ýumşak elleri bilen başymy ogşamak isleýär.Ýaňy bir elini uzudýar.Ukudan uýanýan.Ýanaklaryndan sözülüp gelýän gelýän göz ýaşlaryny süpürýärde ulydan dem alyp, sözlerine galan ýerinden dowam edýär.-Ejemi gaty göresim gelýär.Belki şol düýşi täzeden görern diýip,belki düýş galanýerinden dowam eder diýip täzeden uklaýaryn, turmak islämok,emma düýş galan ýerinden dowam edenok.Gyzjagazyň ýene gürrüň bermäne güýji galmandy.Titraýän sesi bilen iň soňky sözlemini aýdýar.Düýşümde bolsada ýekeje gezek başymy ogşamasyny, Oňa doýup-doýyp gujaklaşmak şeýle bir bolamsyny islärdim. 

01, Dekabr-2013ý (13:51)
Jogapla +3

Ýürek agyry - haçanda ejeñi ýa-dakakañy bagryña basyp bilmeýäñ,sebäbi indi olar ýok. Agyry - haçandagöz öñüñde 5 ýa$ly çagany ma$ynkakýar. Agyry - haçanda bir pahyr aýaltäze doglan çagasynyñ aglaý$yny 2 gün diýen ýaly gynalyp e$idipbilmeýär. Agyry - haçanda kesel adamhemmeden kän ýa$amagy isleýär,ýöne ýa$ap bilmeýär. Agyry - haçandasähelje bir ünssiz hereket edip senimaýyp edýärler. A siziñ jogapsyz söygüñiz, aýryly$yklaryñyzyñ bary



biderek, bir teññe diýsede bolýa.....

01, Dekabr-2013ý (13:52)
Jogapla +2

owretdin garany, owretdin agy! kopeldi sacynda agy gozunde awy,shahyr didi besdir daglaryn garrany, garrasak biz garraly sen garrama ejejan! 
Dunya yatyr kuysap ertirki guni,menem uhladym dileg edip gowulygy,yuzunde gijan uhysyzlygy, bir azajyk yatay ahyr ejejan.
men samsyk men, cytardym sana gashymy,dineje gulende gorkezdin goz yashyny,hayysh edyan gitme... yanymda gal ejejan...ya-da gitjek wagtyn, meni hem yanyn bilen alyp git,
iki ayal tanadym shu wagta cenli menden alma olary sonky demime cenli biri ayagynyn astynda ........biri yylgyrshynda gizlapdir jennedi
kabul etmek gaty kyn name ucin tashlap gitdin?asmanda yyldyz kan haysysy sen ejejan?meni duyyan bolsan sana aytjak sozim bar!hic aytmandym kan garashdyn seni soyyan ejejan!!!
men garradym sen gelmedin gyzyma adyny dakdym.... sana gaty menzeya goryanmi sen ejejan ona didim wagtym geldi ejemin yanyna baryan diyya; kaka meni hem yanyn bilen alyp git 
ine indi dushundim yeke goyup gidenine caresizligine dushundim sonky demimde wah ejejan indi, ne sen nede men yekedal ejejan men geldim yanyna seretsene ejejan yarym asyr hasratymy gujagynda eretsene ejejan




01, Dekabr-2013ý (14:43)
+1

:(((((((((((((((((

Ýetim oglan it bolar,ölmese ýigit bolar
01, Dekabr-2013ý (13:53)
Jogapla +2

Ýekemiñ, ýetimmiñ?Gam çekme oglum,elmydama Alla bardyr ýanyñda.Merdana kabul kyl, pelegiñ oynun,Allañ adyn zikr eyle ýadyñda.Birden al-asmana galar-gidersiñ,gurruk guya gitdim diýen çagyñda.
Bu bir durmuş!Bu bir synag meýdany!Her hili ahwallar bolýar dünyäde.Eger bir melamat inse başyñdan,ya sezewar bolsan elhenç külpede,gutulgysyz pajygadan basylsañ,Alla sygyn!Allany sal ýadyña!
Dogan yetişmese seniñ dadyña,dostuñ ýetişmese seniñ dadyña,Alla sygyn!Alla medetkär bolar!Çünki kim bolsañ-da,nirde bolsañ-da,saña pena yokdur Alladan golay!
Baldak başy gymyldamaz permansyz,bu owadan dünýä,külpetli zemin,jümle-jahan jemdirAllañ adynda!Güne gerşin çoýup aýlanýar dünýäbeyik biribaryñ parasatynda.
Belent başyñ duman basmaz permansyzbeyik bolsañ ol peseldip görýandir,egsik bolsañ ol eseldip görýandir,ençe-ençe synaglardan geçirip,ahyry mynasyp ornuñ berýandir!
Bagyñ başy gymyldamaz permansyz,garyp bolsañ berip görer baýlygy.Bay bolsañ öwürüp görer garyba,hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.Ady dilde bolsun, hyýaly serde,biribardan gaýry sende hem mende,pena boljak yokdur ulaşsañ derde.
Alla sygyn, Allañ beren emgegiduman deý sowulyp gider başyñdan.ýer aýlansa daşyndan öz okunyñaýlanyp durandyr beýik ýaşaýyşHaka bolan ynammyzyñ daşyndan!
Alla sygyn, Hakyñ adyn zikr eýle!ýeriñ gullugyn kyl, arşy pikr eýle!niýetdir paliñi düzüp gowlugaYhlas bilen Biribara ýapyşsañ,Ol saña mizemez medetkar bolar.ýapyşalga yokdur adam oglunaHudaýdan golaý!Hudaýdan golaý!




01, Dekabr-2013ý (13:53)
Jogapla +2

Gadym eyyamda bir obada enceme adam musulman parzyny berjay etmek ucin Mekge- Medina haja gitmegi niyet edipdir.Olar tayyarlyk gorup,uzak yola atly hem duyeli gitmeli diyen karara gelyarler.Gos-golamlaryny,azyk-suwlaryny toplasdyryp yola rowana bolupdyrlar.Oba adamlarynyn haja ugrajagyny esiden bir halalhon ene hem olar bn gitmage tayyarlanypdyr.Ol bende suw kada suw salyp,boynundan asypdyr-da,bular bn yola dusupdir.Elbetde ilkibada oba adamlary bu enanin haja gitmegini onlamandyrlar.Yone ene haja gitmek niyetinden danman kerwenin yzyna dusup gidiberipdir.Uzak yola ugran kerwen obadan saylanyberende,in yzda baryan garry enanin yany bn bir it hem gosulyp gidiberipdir.Olar ence wagt yorap,kop yol sokupdirler.Sahralykdan,collukden gecip gidiberipdirler.Yolda kerwenin yzyndan baryan it bicare suwsapdyr.Garry ene bu yagdayy duyupdyr.Yone yanyndaky suwkadisindaki suw juda az eken.Ondada ene ite suw beripdir.Seydip,olar yene yoluny dowam etdiripdirler.Uzak yoly soken kerwen ahyry Mekge Medina baryp yetipdir.Olaryn hemmesi bile bolan bolsalar-da,Mekge-Medinan gapysy ilki bn sol garry ene un acylypdyr we onun haj parzy ilki kabul bolupdyr.Bu yagdayy gorenler hayran galypdyrlar."Dili yok jandary-kerwen bn bile baryan iti suwdan gandyrany un Allatagala onun hajyny ilki bn kabul etdi"diyip,yokardan owaz gelipdir.

01, Dekabr-2013ý (13:54)
Jogapla +2

Eje namedir yonekey ayal!Asman perishdesimi,ya yetilmez hyyal.Olyancham haysh edyan yanymda gal,Ya gitjek wagtyn yanyn bilen alyp git.Durmushyn manysymy sen,ya gul ysy,Ay gabandyryamysh ejelen yuzi.Jenned sende dal,sen jennedin ozi,Jennede gidaysen meni oda salyp git.Owretdin garany,owretdin agy,Kopeldi sachyn agy,gozunde agy.Shahyr diydi besdir daglan garrany,Sen garrama yash wagtyny tapyp git.Yuregin gysganmarsyn eger islesen,Yuregim okayan gaygymy gizlesen.Armanym yok owazyny dinlesen,Mahirden doly ol sazyny chalyp git.Dunya yatyr kuysap ertirki guni,Menem ukladym dileg edip gowlugy.Yuzunde gijan ukusyzlygy ,Bir azajyk yatay,ayy gune owrup git.Sen ichki dunyane dushunmek mumkin dal,Dunya garshy sende oyke kin kan.Sen uchmaly yone sen yukin kan ,Eje gaygylaryny ogluna goyup git.Alla seni yaratdy pak yurek bilen,Komeg edenokdy ni gelen ni giden.Yadyndamy doyyadyk gury chorek bilen,Diyyadin oglum:"Bary bilen onup git".Kadyr diyer:"men bir ene ashygy",Yone gaharlanyan kate chytyp gashymy.Dine gulende gorkessin yashyny,Ejeni sonky demine chenli soyup git!

01, Dekabr-2013ý (13:54)
Jogapla +2

Saçlaryňda ak görünýär, eje jan,Tisgindirip, meniň juwan dünýämi.Diýýärsiň: «Bu garrylykdan bir nyşan»Entek garramaga Saňa ir dälmi?!
Ogul-gyzyn adam edip ulaldan,Köpler üçin Sen ýönekeý bir zenan,Emma meniň üçin, perzendiň üçinSen niçiksi belent, elýetmez ynsan!
Bergili men Saňa, bergili baky,Şol bergi dur ömürbaky boýnumda,Bu barada pikir etmän ozallar,Mydam ýaýnap gezdim Seniň goýnuňda.
Bu gün bolsa müýnli bakyp ýüzüňe,Synlap Seniň gyraw basan başyňy,Öz içimden Saňa sorag berýärin:«Agartdymkam Seň näçe tar saçyňy?!»
Pikirlerimi aňan ýaly ýüzümden,Diýýärsiň: «Bu tebigatyň kanuny!»A men bolsa, oňa garşy çykýaryn:«Bermesin ol Saňa beýle jezany!»




01, Dekabr-2013ý (13:55)
Jogapla +2

Dermanam, lukmanam gerek däl maña,Sözüñizem ýuwan, megerem ýalan.Siziñ_ä öýñüzde eziziñiz bar Gürle$iñ, gürle$iñ ejeñiz bilen.Siz maña göwünlik berjek bolýañyz, Emma maña peydasy yok, ynanyñ.Gussañ nämedigin bilmezdim menem, Gapdalymda duran cagy ejemiñ.~Gözüñize ýa$ aýlanam bolýañyz, Ýöne tüýs ýürekden däldigi aýan.Gowsy entek öýde enjñiz barka, $ony gözden salmañ, Horlamañ aýañ!Soñ juda gic bolar, ynanyñ maña, Mañlaýñyza urup, ökünersiñiz.Onsoñ 'käbäm meni bagy$la' diýip Baryp mazaryna ýykylarsyñyz.

01, Dekabr-2013ý (13:56)
Jogapla +2

Günleriň säherden bašlanšy ýaly,Ýyllaryň bahardan bašlanšy ýaly,Senden gözbaš alýan mähriban enem,Uzaga nazarlan ömrümiň ýoly.
Gyssag güne düšsem, ene diýdim menArzuwma gowušsam, ene diýdim men,Caga wagtym bilmändirin kän zady,Seň gadryňy ulaldykca duýdum men.
Sen maňa iýdirdiň, özüň iýmediň,Sen maňa geýdirdiň özüň geýmediň,Indi welin gör hözürin bu günleň,Ugrumda kösenme kemin goýmadyň.
Edep berdiň edebiňe gurban men,Seniň akyl mekdebiňe gurban men,Galmaz ýüregimde zerre armanym,Bolup bilsem seň derdiňe derman men.
$indizem eliňde sallancak bagym,Üwräp otyrsyň sen, eý arkadagym,Käte cekip, golaýyňa getirýäň,Bi alac ugradýaň, uzagrak cagyň.
Oturyp, oturyp haýranlar galýan,Onsoň hem šeýleräk netijä gelýän,Dünýäde bir gudrat tapylarmyka,Ene ýüreginiň ölcegin bilýän

01, Dekabr-2013ý (13:56)
Jogapla +2

01, Dekabr-2013ý (13:56)
Jogapla +2


Teswir ýazmak üçin içeri giriň