Lakamym:
Açarsöz:
Menem araňyza goşaýyňda?!
Wah, Men paňkelle ýene-de unutdym
Öylenýän ýigide | Umumy gürrüňdeşlik | Teswirler

Öylenýän ýigide (Umumy gürrüňdeşlik)


Söýgi dünýäň ýaraşygy, söýgi dünýäň gelşigidir,
Dünýäni süýüp ýaşamak saňa başdan kada bolsun.
Unutmagyn bahar- ýazyň owsun atyp gelşini-de
Bir gözüň sahrada düzde, bir gözüňem bagda bolsun.
Ýatdan salma ýaşyl ýazda gyzyl gülleň açylşyny,
Güwni mydam ýaz kişiden gaýgy-gussaň gaçyşyny
Bizi beren tebigatyň bizi dertden açyşyny,
Bir gözüň derýa- deňizde, bir gözüňem dagda bolsun.
Söý gözelleň- gözelini, mähri bolsa doýma ýokdur,
Bir gezek elde göterseň, soňra goldan goýma ýokdur
Dünýäň durky bir ýar bilen gülüşmek hem oýnamakdyr,
Diliňde ýagşy söz, hoş söz hem eliňde bada bolsun.
Emlägi hiç egsilmezmiş özi däl-de köňli baýyň,
Kem etmegin saz söhbetiň, gülki-henek, oýun-bazyň,
Ili ýygnap tutanda toý, eçilgin sen elde baryň,
Tapanyňy ortada goý, ýakynyňa ýada bolsun.
Toý toý bolar, her kim geler, ýaman gelsin ýagşy gelsin,
Dost- ýardan öň, hossardan öň, kyýamatlyk goňşy gelsin.
Aýdym sazyň kem bolmasyn, hoş owazly bagşy gelsin,
Toýa gelen mähelläniň bir gulagy toýda bolsun
Bir toý tutup başlan bolsaň, indi toýuň gürär barar,
Arabaňy ýola salsaň, haýal-u-tiz ýörär barar
Dünýäniň dowamy çaga öz- özünden dorar barar
Bir eliň arlykda bolsa, bir eliň bal, ýagda bolsun.
Sözi sözden seçip, şahyr, ile goýgun iň şirinni,
Sözüň ile ýetmän galar oňarmasaň gelşirimni,
Ýüp deý iýşip, düwüp, towlap, berk salgyn sen çilşirimni,
Pikirleriň çylşyrymly, setirleriň sada bolsun!

Atamyrat Atabaýew


Ses berilşik ýok.


Halanan (16)
Jemi 8 sany teswir.
Okalan sany: 617
  • Awtora, bu blog üçin berilen minnetdarlyklar:
  • - Herkim okamaly (1 TM) - Cacharel

Pikirlerde paýlaş

19, Iýul-2013ý (20:24)
Jogapla +3

Uzyn setirli go$gular näme üçindir kynlyk bilen okalýar. Häzir gysga, az bogunly, syk manyly setirler gowy okalýar. $ygram döwre görä üýtgeýän bolarly.

Ýeke el çapak çalmaz
19, Iýul-2013ý (21:22)
Jogapla +2

Gowy goshgy berekella awtor

19, Iýul-2013ý (23:35)
+3

Goshulyan

20, Iýul-2013ý (04:06)
Jogapla +3

Menem goshulyan toydan bolsun! Utandyryan setirler

Hemme zat özunge bagly. Özung kime bagly?
20, Iýul-2013ý (08:22)
Jogapla +4 Şu mowzukda awtoryň pikiriçe iň gowy teswir

Toydan yetirsin uly ile.

Depe ozun,dag sayar.
20, Iýul-2013ý (08:28)
Jogapla +4

AJAP GULZARLY YURTDA
Toylar tutulsyn uludan uly
El carpyp garshy alsalar
Oylenyanem bolsa TDEI)) ))

Depe ozun,dag sayar.
20, Iýul-2013ý (08:35)
Jogapla +3

20, Iýul-2013ý (09:05)
Jogapla +3

Toy toy toy bolsun
Toyda mukam yanglansyn


Teswir ýazmak üçin içeri giriň