Lakamym:
Açarsöz:
Menem araňyza goşaýyňda?!
Wah, Men paňkelle ýene-de unutdym
| Edebiýat | Teswirler

(Edebiýat)

Ses berilşik ýok.

Halanan (29)
Jemi 25 sany teswir.
Okalan sany: 1611

Pikirlerde paýlaş

14, Iýun-2013ý (17:35)
Jogapla +6

Halas bolmak

(1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde bolan waka)

Ýeriň aşagynda bir güýç müňzeýär,
Üstünde bir adam —
şerapdan gammar.
Ýeriň teýi boş küýze dek güňleýär,
Güýç duýanok,
ses hem eşdenok zaňňar.

Şäher uka gitdi
Meýhana boşap,
Soňky müşderini çykardy köçä.
Ol şerapdan doýgun,
dünýäden hoşal.
Köçede adam ýok,
uludan kiçä
dünýäniň düýşlerin görüp ýatyrdy.
Ol barýar,
öýi hem indi ýakyndy.

Öýüne ýetmäge bolman kuwwaty,
gyşardy dünýäniň kölegesinde.
Duýanok asmandan gelýän haýbaty,
Eşdenok ol ýer teýiniň sesin-de.

Ýer teýinden müňzeýän güýç — nägehan
Şäheri sarsdyryp, çykdy ornundan.
Tisgindi düýş görýän müňlerçe ynsan
Aýylganç bir sesden — dünýäň oýnundan.

Aşgabat ýykyldy —
kyýamat gopdy
ynsana dahylsyz bu hyýanatdan.
Kim ýitirdi,
kimse ýitigin tapdy...
Serhoş bihabardy bu kyýamatdan.

Säher halasgärler ýaralylary
Ýygnap,
mündürdiler uçara, otla.
Mary, Lebap kabul etdi olary,
ulag gitdi gündogara, günorta...

Balkanda — Hazardan ugran gämiler
ençeme sagatlap ýüzdüler suwda.
Biziň «gahrymanmyz» näme-nämeler
bolanyn bilenok,
görse Bakuwda
birgiden ýaralyň içinde ýatyr.
Lukmanlar her kimsä edýärdi emi.
Gözi tegelenip dursa-da ýaňkyň,
Zerur däldi oňa dünýäň melhemi.

Başga sarsgyn bardy onuň başynda,
Nepi ýok dermanyň,
sanjym almagyň.
Pelegiň biz bilen oýun gurşunda —
Her hili ýoly bar halas bolmagyň.

Eger bir guş asmana göterilse badyna, Alkyş – sena okaman, beýik Taňryň adyna, Maksadyna ýetmezden ganatlary gyrylar, Kelemenläp gaýdansoň hiç kes ýetmez dadyna.
14, Iýun-2013ý (17:36)
Jogapla +5

Heýkel ýasamaga synanyşyk

Aýsyz gije ýaly gara saçlarňy
sypalap-sypalap ýasadym, ýöne
saçlaryň derýa deý tolkunanokdy.
ýasadym derek deý rast aýaklarňy,
aýaklar zeminde sallananokdy.

Almaň reňki siňen ellerňi seniň
sypalap,
apalap ýasadym, ýöne
şöhlesi ýokdy.
Barmaklarňy sanap,
sypap ýasadym,
olar gamyş ýaly galdyranokdy,
dyrnaklaň kümüş deý ýaldyranokdy.
Ýasadym biliňi — küýzäň boýny dek,
biliň rezin ýaly towlananokdy.

Goşa gumry ýaly goşa göwüsler
näçe sypasaň-da,
näçe söýseň-de,
uçup gitjek guş deý galkynanokdy.
Galamper deý kirpikleňde
okgun hem ylham ýokdy.
Pisse ýaly lebleriňde
teşneligme melhem ýokdy.

Seni sypap ýadadym men,
Seni synlap ýadadym men.
Bir seretsem,
pisse lebleriň ýumuk,
Bir seretsem,
gunça gözleriň ýumuk.

Ýumuk lebleriňe leblerim goýup,
öpdüm seni,
ýumuk lebler açyldy,
açyk lebleriňe gözlerim goýup,
öpdüm seni,
süzük gözler açyldy.

Ýylady ýürekde doň ýatan ganyň,
Men saňa janymdan jan berdim,
janym.
Öz ýasan gözlerme boldum men bendi.
Galamper kirpigňi kükregme gezäp,
sen meniň janyma hyrydar indi.

Eger bir guş asmana göterilse badyna, Alkyş – sena okaman, beýik Taňryň adyna, Maksadyna ýetmezden ganatlary gyrylar, Kelemenläp gaýdansoň hiç kes ýetmez dadyna.
14, Iýun-2013ý (17:36)
Jogapla +5

Göze görnüş

Günortanlar Gurtly kölüň boýunda,
Bir çatmaň içinde otyrdym ýalňyz.
Birden suw çaýkanyp meň golaýymda,
Oturan ýerime geläýdi bir gyz.

Endamynda diňe suw geými bardy,
Ýakyp barýar mawy gözleň şöhlesi.
Teni ak şöhle deý lowurdaýardy,
Meger, şonuň üçin ýokdy kölgesi.

Suw peridir öýdüp, çekindim ondan,
Aljyradym,
tas gidipdim essimden.
«Salam» diýdi,
«Salam» diýdim, ýöne men
Öz sesimi tanamadym sesimden.

Köne kitaplardan okapdym ozal,
Howpludygyn suw perisin öpmegiň.
«Men gaty üşedim, ýylat sen meni»
diýse-de, men oň diýenin etmedim.

«Üşän bolsaň, ýylyn çäge kenarda,
Haýry deger bu jöwzanyň, epgegiň»
diýemde, gyz gözerini güldürip,
diýdi: «Sözüň manysyna ýetmediň».

«Termosymda çaý bar, eger içseňiz»
diýip, men beýläme öwrülen çagym,
Gözden gaýyp boldy ýaňky perizat,
Suwuň depesinde göýä ki salgym-

Uçyp barýar ak hasa deý ak duman,
Kölüň solgun ýüzi çaýkanýar çala.
Dünýäde özümiň bardygym duýman
Otyryn çatmada,
Kenar hem çola...

Eger bir guş asmana göterilse badyna, Alkyş – sena okaman, beýik Taňryň adyna, Maksadyna ýetmezden ganatlary gyrylar, Kelemenläp gaýdansoň hiç kes ýetmez dadyna.
14, Iýun-2013ý (17:37)
Jogapla +6

Sen isleseň

Sen uçmak isleseň – ganat bolardym,
Sen uçmah isleseň – jennet bolardym.
Sen gonmak isleseň – toprak bolardym,
Sen saýa küýseseň – ýaprak bolardym,
Seniň islegiňçe ýaşajak bolup,
Dünýäň ähli düzgünlerin bozardym.

Sen güýzi küýseseň – saralyp-solup,
Ýapragyn düşüren bag dek tozardym.
Sen gyşy küýseseň – gar bolup ýagyp,
Sen tomsy küýseseň – jowza dek ýanyp,
Sen ýazy küýseseň – pyntygym ýaýyp,
Dünýäni düzgüne salardym ýene.

Gülleri küýseseň – güller açardym,
Güli küýsemeseň – solardym ýene.
Bir seniň göwnüňe ýarajak bolup,
Seniň islegiňçe ýaşajak bolup,
Jan çekerdim, azaba zat berilse,
Köne dünýäň azabyndan gaçmazdym.
Seni çynym bilen söýmeýän bolsam,
goşga salyp, bu syrlary açmazdym.

Eger bir guş asmana göterilse badyna, Alkyş – sena okaman, beýik Taňryň adyna, Maksadyna ýetmezden ganatlary gyrylar, Kelemenläp gaýdansoň hiç kes ýetmez dadyna.
14, Iýun-2013ý (17:38)
Jogapla +6

Ömrümi niçik geçirdim

Adam ýaly ýaşadymmy dünýäde?
Hak beren günlerim ýazyp geçerdim.
Köňle yşyk beren yşk diýen oda
Tutaşdym, ömrümi ýanyp geçirdim.

Maýyl boldum gülden gözel ýüzlere,
Saýyl boldum sähra, çöle düzlere,
Ganat berip iň ýönekeý sözlere,
Many çaýyp, dünýä ýaýyp geçirdim.

Pany dünýäň meýlisinde düşledim,
Beýge galsam galdym, pese düşmedim.
Sowuk gözler seredende üşedim,
Bagrym, jismi-janym ýakyp geçirdim.

Teşne ýürekleri gandyran ölmez,
Ýagşy söz, ýagşy at galdyran ölmez.
Yhlasymy kimse görer, kim görmez,
Her harpyma zehin goýup geçirdim.

Haladym men dogry sözüm diňläni,
Ýaş gyz kimin söýdüm garry dünýäni.
Il derdin öçürdim gözýaş biläni,
Siňňin ýagyş kimin ýagyp geçirdim.

Sözlerden özüme bir bina gurdum,
Men Hakyň didaryn hak sözde gördüm.
Galam bilen kagyz ýüzün çuň sürdüm,
Iňňe bilen guýy gazyp geçirdim.

Eger bir guş asmana göterilse badyna, Alkyş – sena okaman, beýik Taňryň adyna, Maksadyna ýetmezden ganatlary gyrylar, Kelemenläp gaýdansoň hiç kes ýetmez dadyna.
14, Iýun-2013ý (17:38)
Jogapla +8

Ýürek hakda

Ýürekde göterdiň näçe söýgini,
Gör, näçe şatlygy,
näçe hasraty?!
Her söz üçin gördüň näçe görgini,
Näçe gezek başlan işiň paşmady?!

Näçe gezek agyr meýlislerde sen
Agyr-agyr bulgurlary göterdiň?!
Näçe ýasda
galyp agyr derde sen,
Näçe toýda
oýnap-böküp, göçerdiň?!

Çilimiň tüssesin, dünýäniň gerdin
Näçe ýola gussa garyp,
ýuwutdyň?!
Näçe mertlik,
näçe namartlyk gördüň,
Haýsysy ýadyňda,
haýsyn unutdyň?

Hiç kimsä bildirmän ejizlän ýeriň,
Aglamaly wagtyň - gizläp göz ýaşyň,
Göterdiň bu dünýäň başyňa seniň
Ýokardan inderen meteorit daşyn.

Dost-ýarlaryň syryn gursagňa guýup,
Sakladyň ýüregiň gizlin gatynda.
Agladyň öz jiger-bagryňy gyýyp,
Öz hasratyň undup dost hasratynda.

Kä göwnüňi aýdym bilen gyrmalap,
Mes bolup, ýüregňi joşa getirdiň.
Hossardan aýrylyp, ýerler sermeläp,
Göz owasyn ganly ýaşa batyrdyň.

Seni söýenleriň söýgüsin mydam
Gursagyň çuňunda sakladyň pynhan.
(Näme üçin köwgün aýap geýse-de,
Öz ýüregin aýap bilenok ynsan?!)

Her agzaň öz götermeli ýüki bar,
Ýüregiň üstünde – agramy dünýäň.
Süýji söze giň ol, ajy söze – dar,
Nyşanasy-okuň, peýkamyň, gülläň.

Älem içre paýlap yşkyn hem syryn,
Şahyr öz-özüne aýap bilmezmiş.
Ýüregin dünýäden aýan şahyryň,
kalbyna Taňrydan owaz gelmezmiş.

Eger bir guş asmana göterilse badyna, Alkyş – sena okaman, beýik Taňryň adyna, Maksadyna ýetmezden ganatlary gyrylar, Kelemenläp gaýdansoň hiç kes ýetmez dadyna.
14, Iýun-2013ý (17:39)
Jogapla +8

Gargyş hakynda

Ene gargyş etmez,
gargyş edäýse,
Aglap,
öz gözlerin ezer gözýaşa.
Ata gargyş etmez,
gargyş edäýse,
Atanyň gargyşy ýazlarmyş daşa.

Kiçi dilden bärde gargap eneler,
Soň gargyşyn akar suwa atarmyş.
Atalar gargamaz,
olar gargasa,
Bikemal perzendi alyp ýatarmyş.

Atamyrat ATABAÝEW

Eger bir guş asmana göterilse badyna, Alkyş – sena okaman, beýik Taňryň adyna, Maksadyna ýetmezden ganatlary gyrylar, Kelemenläp gaýdansoň hiç kes ýetmez dadyna.
14, Iýun-2013ý (20:36)
Jogapla +1

Atamyrat Atabayew kimka?goşgylar diýseň gowy

Jafar Hagoshi talañçy dälde telekeçidir!
14, Iýun-2013ý (23:20)
+2

Atamyrat Atabaýewi tanañokmy? Näme, prikol tutjak bolýañmy?!

Eger bir guş asmana göterilse badyna, Alkyş – sena okaman, beýik Taňryň adyna, Maksadyna ýetmezden ganatlary gyrylar, Kelemenläp gaýdansoň hiç kes ýetmez dadyna.
15, Iýun-2013ý (09:23)
+1

Tananokdyrda beh,dilin shahyr adamyn diline menzanogay

14, Iýun-2013ý (21:32)
Jogapla +2

Zahmetine Tanryyalkasyn Seyitmyrat aga. Shu acan mowzugynyzdaky hemme goshgular Atamyrat Atabayewinkimi ya oz shygyrlarnyz hem barmy?

14, Iýun-2013ý (23:24)
0

Hemmesi Atamyrat agañky. Stilinden bilýänsiñ-ä.

Eger bir guş asmana göterilse badyna, Alkyş – sena okaman, beýik Taňryň adyna, Maksadyna ýetmezden ganatlary gyrylar, Kelemenläp gaýdansoň hiç kes ýetmez dadyna.
15, Iýun-2013ý (00:59)
Jogapla +4

Garly gije
Iñ ilkinji duşuşygymyz -
Yadyñdamy garly gije?
Kirpigiñden buz asylan
Hem yañagy hally gije

Sowuk yokdy, söygi bardy
Yer doñup yurek yaryardy
Gar bolsa dynman yagyardy
Göýä bizden arly gije.

Gelyar asman yere düşüp
Ereyar gar sere düşüp
Gozler goze seredişip
Diydi Sowuk barmy gije

Günler elek eläp gitdi
Aylar gözün çenäp gitdi
Gysh geçip gar erap gitdi
Ikimizden galdy gije.

Zemin aýlanyp dur, oñatlyk örän...
15, Iýun-2013ý (01:02)
Jogapla +4

Aýal diýlen sözüñ manysy giñdir,
Ýeke sözde düýpsüz çuñluk ýatandyr.
Manysyn bir sözde aýdaymak kyndyr,
Aýal bize çözmesi kyn mataldyr.

Ýeke gün däl, ömürboýy gözlärsiñ
Hem tapmarsyñ bu matalyñ çözgüdin,
Hem-ä bu gözlegden lezzet alarsyñ,
Hem çekersiñ onuñ jebrin, görgüsin.

Aýal diýmek ertekidir jadyly,
Salyp ýüregiñe howsala, dowly,
Kä gorkuzyp, käte alyp badyñy,
Ýöne iñ soñunda gutarýar şovly.

Aýal diýmek bir ajaýyp aýdymdyr,
Hesreti, şatlygy, gussasy ýetik.
Hem-ä bu aýdyma melul bolarsyñ,
Hem onuñ sesinden bilmersiñ ýatyp.

Aýal diýmek soñsuz şirin hüwdüdir,
Çagañy hüwdüläp, ukladar senem.
Bir görseñ-ä, gujagy giñ ýaýladyr,
Bir gorseñ, öz garyp, mähriban eneñ.

Aýal diýmek parasatly nakyldyr,
Ýugrulandyr paýhas bilen akyla.
Hem-ä seniñ öz akylyñ ýetikdir,
Üstesine uýmalysyñ nakyla.
Atamyrat Atabaýew

Zemin aýlanyp dur, oñatlyk örän...
15, Iýun-2013ý (01:23)
Jogapla +2 Şu mowzukda awtoryň pikiriçe iň gowy teswir

Allayalkasyn. Oz goshgularynyzdan hem paylashsanyz hoshal bolardyk . ( minus yalnysh gitdi )

15, Iýun-2013ý (04:28)
Jogapla +3

Menem tanamok Atamyrat Atabaewi tanamayan tanamayanyny aydar!(kim seng ustungden prikol tutsyn)

Iki kelleli búrgút
15, Iýun-2013ý (16:06)
Jogapla +1

Indi tanap goyayyn onda tanamadyklar:)

15, Iýun-2013ý (16:31)
0

Doredijilikden uzagrakdaky adamlaram bar,has dogrusy kop)

15, Iýun-2013ý (16:32)
0

Ylalashyan 100%:)

15, Iýun-2013ý (16:38)
0

Shu yerde ne gozel goshgylary bolanyna garamazdan awtorlaryny tanamadyk agzalaryn sany az dal,ozumem plyusda)

15, Iýun-2013ý (16:46)
0

Bizem dine doredijiliginden tanayas,özüni.

15, Iýun-2013ý (16:38)
Jogapla +1

Cit koynekde kashan sen. Mahmal yupek ne derkar. Bizi oldurmek un ne beyle bezener sen ... Sheylerak oydyan doly yadyma dushenok . Hazirki dowurin men un in tanymal shahyry doredijiligine hormatym uly. Has dogrysy bizin dowrumize guyci shahyryn gawat gelenine begenyanem edil Ezizow yaly tanymal

15, Iýun-2013ý (19:56)
0

Atajan Annaberdinin frazasy bolaymasyn!

15, Iýun-2013ý (21:06)

Seyitmyrat inim, seng tuweleme sesing batlanypdyrla, prikol tutyangmy, beyannama mekdepde galdy, ay yene yeneler, Seyitmyrat, bir zady gaty berk belle, sen hazir Seyitmyrat bolsang shu halkyng sayasyndashu shu sanaymalja adamlang sayasynda Seyitmyrat inim, turkmenler gaharyny getirseng orta alyp 5 sapar deper welin keltejik boyungdan nam nyshan galmaz, ozungem Keytikmyyrat Gitdiyew bolarsyng

sei kemsitmek masadyma duybunden yok welin ozungu alyp barshynga arasynda gaharym gelya, gomparma, sadaja bol, sen Gres kalinining chaasy yaly hereket et, biz seni sylamany bileris, bolmasa tuyt muyt edip nam nyshan goymarys adyngdan abrayyngdan

biderek durmush
15, Iýun-2013ý (21:07)

Teswir ýazmak üçin içeri giriň