Lakamym:
Açarsöz:
Menem araňyza goşaýyňda?!
Wah, Men paňkelle ýene-de unutdym
Goşgy okamagy söyyanler üçin... | Söýgi | Teswirler

Goşgy okamagy söyyanler üçin... (Söýgi)

Salam teswirdeşler!!! Bugun yadymda galan goşgulary size hödürleyan.YENE-DE SÖYGİ :)



***

Bir gowşak goşgy deý unudylan söýgim,

Bu gün meni mugallymym deý okatdy,

Ak kagyza düşen bir damja gözýaş

Biziň söýgimize goýlan nokatdy...

***

Eger-de aldansaň ilki söýgiden,

Galar ýüregiňde ömürlik ýara,

Bar zada ujypsyz, höwessiz bakyp,

Bolarsyň dünýäde bir bagty gara...

***

Agajyň uzyny derekdir derek,

Adamyň aýnasy ýürekdir ýürek,

Beren wadalaryň soňy bolmasa,

Ýürekdäki dörän söýgi biderek.

***

Ýollar weýran bolýarmyşyn siline,

Şemal zeper ýeti-r bagyň gülüne,

Dilden çykan oýlanşyksyz ýeke söz,

Böwet bolup biler söýgiň öňüne.

***

Gyzyl gül ekseň daşyna seret,

Onuň ter ýapragy zaýalanmasyn,

Ýaryň söýýänligine bol ilki belet,

Soňra ýaş ýüregiň paralanmasyn.

***

Daglaryň başynda gara galmasyn,

Tüpeň atylanda däri galmasyn,

Iki ýyllap gulluga giden ýigidiň,

Yzynda oň ýary aglap galmasyn.

***

Geçene seretme, geljege seret,

Başarsaň durmuşda täzelik döret,

Söýseňem saýlap söý päk ýüregiňden,

Ýöne bir ýigide hökmüňi ýöret!

***

Kim diýer ýaz güli owadan bolar,

Kim diýer güýz güli owadan bolar,

Soradym ýürekden dillendi ýürek,

Her kimiň öz güli owadan bolar.



***

Söýüşýärkäň küýseseň başga birini,

Ol eýýam wadada wepasyzlykdyr,

Ýene-de söz berseň başga birine,

Bu dünýäde arsyz-namyssyzlykdyr.

***

Söýendim men gapydaky direge,

Gyzyl sagat gelişermi bilege,

Günbatardan öwsüp duran şemalyň

Haýry ýokdur ýanyp duran ýürege.

***

Eger iki ýigit söýse bir gyzy,

Ikisi hem oňa söýýärin diýse,

Onda ol söýgi gyzyň özüne bagly,

Bir ýigit gider ýüregi dagly.

***

Bahar ýeli ýaly ýeňles ýigitleň,

Duýgusyndan juwan ýüregiňi aýa,

Olar gözleriňe göni baksa-da,

Käte ýüregiňe bakýandyr gyýa.

***

Oka gözlerimden ýürek sözlerim,

Bagş edýän saňa bahar ýazlarym,

"Söýýän" sözüm gaýtalamak hökmanmy

Sözläp durka meniň gara gözlerim.

***

Men seniň ýanyňa ýetmeli bolsam,

Saýlardym ýollardan iň ýakyn ýoly,

Eger seniň bilen gitmeli bolsam,

Saýlardym daş ýoly gutarmaz ýaly.

***

Gyş gar ýagmasa, ýaz günäkärmi?

Aýdymçy joşmasa, söz günäkärmi?

Ýigit söýgüsine bolsa biwepa,

Hany aýdyň dostlar, gyz günäkärmi?

***

Ýagşylary söýmän bilmeýär gyzlar,

Olarda günä ýok söýgüden özge,

Düýn söýen gyz , bu gün seni ýigrense,

Onuň sebäbini özüňden gözle.





***

Söýmezlige hiç galmady bahana,

Sen dünýämi öwrüp barýaň bahara,

Öň bu halda däldim indi janserek,

Çekinýän diýmäge, ýöne…SEN GEREK.

***

Göwnüňe degen bolsam käte-käteler,

Äsgermedik bolsam ýürekden däldi,

Men sebäpli başyň egilen bolsa, JANYM

Haýyş edýän bagyşla meni.

***

Daşdan görseñ owadandyr käbiri¸

Bolmajak bol owadanlañ ýesiri¸

Daşdan görseñ owadandyr ýylan hem¸

Elıne düşäýseñ¸ goýbermez diri.

***

Synan göwne seýik bolup bilmeseñ¸

Göwnümi gözlemden duýup bılmeseñ¸

Derdimiñ dogasy bolup bılmeseñ¸

Janym söýme¸ öz ugruma goý meni!

***

Sag bol janym¸ öz günüme goý meni

Täsin bakyşlaryñ duýup bilemok¸

Seni juda beter söýerdim weli…

Düşün dünýäm¸ indi söýüp bilemok.

***

Gaýrat et¸ ýalbarma¸ ýadadym indi¸

Saña bagly hiç duýgym ýok¸ ynansañ¸

Seniñ özüñ düşünäýmeli ahyry¸

Täsin bakyp¸ gussa bilen dymamsoñ.

***

O:t ýaly oglanlar öñüñden çykar¸

Gözleri ataşdyr¸ sözleri şeker¸

Üç gezek bükülip dyzyna çöker¸

Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç.


Ses berilşik ýok.


Halanan (14)
Jemi 38 sany teswir.
Okalan sany: 4616

Pikirlerde paýlaş

25, Ýanwar-2011ý (14:26)
Jogapla +3 Şu mowzukda awtoryň pikiriçe iň gowy teswir

Sagja bol! Indi yokmy?

Küstüm artik denize,dogaya,sharkilara... Seni hatirlatdan hersheye küstüm...
25, Ýanwar-2011ý (14:28)
Jogapla +1

Cwetochek:
Sagja bol! Indi yokmy?

yok :D

h.m119
25, Ýanwar-2011ý (14:28)
Jogapla +1

gaty görme janin uzak eken okamadym :)

h.m119
25, Ýanwar-2011ý (14:32)
Jogapla +2

minetdar bizin bn paylasanyn un yaman gowy gosgy eken hakyky soygun gosgysy eken

25, Ýanwar-2011ý (14:33)
Jogapla +2

gochurip alsam bolarmy jorik?

Geňdir Dünýe, Giňdir Dünýe!
25, Ýanwar-2011ý (14:34)
Jogapla +3
m.a.c.h.o:
gaty görme janin uzak eken okamadym :)

goşgy okamagy söyyanler ucın diydim da şong uçin :D

Ýadyñyza düshemokmy? Ýatlamañ, "Meni ýatlañ" diýip ýatladyp bilmen. Ýatlanjagy durup bolmaz ýatlaman, Ýatlandymmy?! diýmek gerekli gül men...
25, Ýanwar-2011ý (14:34)

Manyly goshgylar!

25, Ýanwar-2011ý (14:35)
Jogapla +4
Feya:
gochurip alsam bolarmy jorik?

elbetde jorik ))

Ýadyñyza düshemokmy? Ýatlamañ, "Meni ýatlañ" diýip ýatladyp bilmen. Ýatlanjagy durup bolmaz ýatlaman, Ýatlandymmy?! diýmek gerekli gül men...
25, Ýanwar-2011ý (14:41)
Jogapla +1

yene bola goy onda :)

Geňdir Dünýe, Giňdir Dünýe!
25, Ýanwar-2011ý (14:45)

sag bol dosti

Uly işleri etmäge çalyşýan kiçi adamy ýazgarmaň.
25, Ýanwar-2011ý (14:50)
Jogapla +1

Gowy ekenler.

Есть только миг...за него и держись!
25, Ýanwar-2011ý (14:52)
Jogapla +3
Söýseňem saýlap söý päk ýüregiňden,
Ýöne bir ýigide hökmüňi ýöret!


Işdälerem ýogaý :D

Janin gowja joşupsyň :)

«Ajaýyp adamlar köpelse, durmuş ajaýyplaşar»
25, Ýanwar-2011ý (14:58)
Jogapla +3
Ot ýaly oglanlar öñüñden çykar¸Gözleri ataşdyr¸ sözleri şeker¸Üç gezek bükülip dyzyna çöker¸Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç.

:)

Küstüm artik denize,dogaya,sharkilara... Seni hatirlatdan hersheye küstüm...
25, Ýanwar-2011ý (14:58)
Jogapla +2

Sen maňa samsyk diý, däli mežnun diý,
Isleseň diýiber diwana tentek.
Ýöne çep gursagym gürsüldäp dursa,
Men seni söýerin, söýerin entek.

«Ajaýyp adamlar köpelse, durmuş ajaýyplaşar»
25, Ýanwar-2011ý (15:00)
Jogapla +2
Goooool:
Sen maňa samsyk diý, däli mežnun diý,

Isleseň diýiber diwana tentek.

Ýöne çep gursagym gürsüldäp dursa,

Men seni söýerin, söýerin entek.

bilyanle :D

Ýadyñyza düshemokmy? Ýatlamañ, "Meni ýatlañ" diýip ýatladyp bilmen. Ýatlanjagy durup bolmaz ýatlaman, Ýatlandymmy?! diýmek gerekli gül men...
25, Ýanwar-2011ý (15:01)
Jogapla +1
Cwetochek:
Ot ýaly oglanlar öñüñden çykar¸Gözleri ataşdyr¸ sözleri şeker¸Üç gezek bükülip dyzyna çöker¸Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç.
:)



Samsyk sözler eken.

Men-a oz gelnimi soyyan!!!
25, Ýanwar-2011ý (15:01)
Jogapla +1

gowja goshgy! şahyry kimka?

Allahyň dergähindäki ýeriňi bilmek isleseň, Allahyň seniň durmuşyňdaky ýerine seret!
25, Ýanwar-2011ý (15:06)
Jogapla +2
yhlas:
gowja goshgy! şahyry kimka?

wahh menem bilesim gelya yone bir yerlerdena okapdym. biz yalyjak yashlaryn duzen goşgulary öydyan

Ýadyñyza düshemokmy? Ýatlamañ, "Meni ýatlañ" diýip ýatladyp bilmen. Ýatlanjagy durup bolmaz ýatlaman, Ýatlandymmy?! diýmek gerekli gül men...
25, Ýanwar-2011ý (15:06)
Jogapla +3
Heromant:
Cwetochek:
Ot ýaly oglanlar öñüñden çykar¸Gözleri ataşdyr¸ sözleri şeker¸Üç gezek bükülip dyzyna çöker¸Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç.
:)




Samsyk sözler eken.

shon uchinem guldumda:-)

Küstüm artik denize,dogaya,sharkilara... Seni hatirlatdan hersheye küstüm...
25, Ýanwar-2011ý (15:18)
Jogapla +2
Heromant:
Cwetochek:
Ot ýaly oglanlar öñüñden çykar¸Gözleri ataşdyr¸